Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň saglygyny goramaga we gowulandyrmaga kömek edýän endigidir. Adam fiziki we ruhy saglygy barada alada etmek bilen dürli keselleriň öňüni alyp bilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak hemmeler üçin möhümdir, sebäbi ol sagdynlygy we uzak ömri üpjün edýär.
Häzirki wagtda adamzat jemgyýeti glýukozanyň derejesi, gandaky holesterin we gan basyşy, artykmaç agram ýaly möhüm saglyk görkezijilerini öwrenmek esasynda, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýar.Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlarda keselleriň döremek howpy örän pes bolup, ýürek-damar kesellerine uçramaýarlar.
Beden saglygyny goramak üçin uzak ömre alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň usullaryny öwrenmeli.Esasan hem oturyp işlenýän durmuş ýörelgelerinden, semizlikden, alkogolly içgileri içmek we çilim çekmek ýaly ýaramaz endiklerden gaça durmaly.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň
esasy ugurlary:
Ýaramaz endiklerden gaça durmak. Adamyň ömrüni uzaldyp biljek ilkinji we iň möhüm başarnygydyr. Mysal üçin, çilim çekmek saglyga juda zyýanly bolup, öýken, böwrek, gyzylödek we beýleki keselleriň howpuny hem ýokarlandyrýar. Maglumatlara görä, wagtyndan ir ölümiň iň esasy sebäpleriniň biri hem çilim çekmekdir.
Dogry iýmitlenmek.Sagdyn iýmitlenmek sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýene bir möhüm bölegidir.Bu ýörelge sagdyn iýmitleri (gaýtadan işlenmedik önümler, hoz, däne, doýgun däl ýaglar we omega-3 ýag kislotalary) ileri tutup, sarp edilýän ýagyň, duzuň we şekeriň mukdaryny çäklendirmegi öňe sürýär.
Iýmitiň esasy bölegi miwelerden we gök önümlerden ybarat bolmaly, sebäbi miwelerde köp witaminler we minerallar bar.Sagdyn iýmit immun ulgamyny güýçlendirýär, köp keselleriň döremek howpuny peseldip, aşgazan-içege, ýürek-damar ulgamlaryny we süýji keselini bejermekde kömek edýär.
Fiziki işjeňlik. Maşk sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn goşant goşýar, sebäbi hereket üstünlikli durmuşyň açarydyr. Her gün 30 minut maşk etmek diňe bir bedeni berkitmän, eýsem, ýüregiň işemiýa keselleriniň, insultyň, süýji keseliniň hem-de semizlik, ýokary gan basyşy we myşsa-skelet keselleriniň öňüni almaga kömek edýär.
Agramyňa gözegçilik. Artykmaç agram, esasan, ýürek, süýji we düwnük ýaly köp sanly keselleriň howpuny ýokarlandyrýar. Bedeniň umumy agramynyň 5-10% azalmagynyň holesteriniň, gandaky şekeriň kadalaşmagyna we gan basyşynyň peselmegine kömek edip biljekdigi bellenilýär.
Stresden daşda durmak. Stres bedeniň saglygyny we işjeňliginiň derejesini peseldýär. Şonuň üçin ruhy taýdan agram düşmeden soň göwnüçökgünligiň we aladanyň öňüni almak üçin dynç almak (maşk, uky, ýöremek) möhümdir. Geçirilen barlaglar dynç almaga wagt sarp edýän adamlaryň strese garşy durujylygynyň ýokarydygyny görkezýär.
Sagdyn uky.Netijeliligi we öndürijiligi saklamak üçin bedene ýeterlik dynç we sagdyn uky gerek.Ukynyň bozulmagy dowamly ýadawlyk, semizlik we ýürek keselleri ýaly saglyk bilen bagly köp sanly meselelere sebäp bolup biler.
Uzak wagtlyk uky ýetmezçiligi bedeniň sowuklama we dümewe garşy durmak ukybyny peseldýär.Adamyň ýeterlik ukusyny almagy üçin 7-8 sagat zerur.Fiziki işjeňlik sagdyn uky berýär.Diňe 10 minutlyk aerobika maşklary (ýöremek, welosiped sürmek, arassa howada gezim etmek) ukynyň hilini ep-esli ýokarlandyrýar.
Alymlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň az böleginiň ynsan ömrüni 2 ýyl uzaldýandygyny anykladylar. Şonuň üçin adamlar näçe sagdyn endiklere eýe bolsa, şonça-da uzak ýaşaýarlar.
Nämeden başlamaly?
Hereket meýilnamasyny düzüň!
Sagdyn durmuş ýörelgesini saklamakda yzygiderlilik möhümdir, şonuň üçin uzak wagtyň dowamynda özüňi alyp barşyň nusgasyny döretmeli. Mysal üçin, gün tertibini dörediň we oňa hemişe eýermäge synanyşyň!
Ýaramaz endikleri taşlaň! Peýdaly hereketler yzygiderli gaýtalanmak bilen endige öwrülýär. Bedeniňizi dogry iýmitlenişe öwrenişdirseňiz, onda ýaramaz endiklere hiç hili zerurlyk hem duýmarsyňyz!
Sagdyn durmuş ýörelgesine başlamak üçin hiç wagt giç däl. Ýöne siziň bu ugurda näçeräk tejribäňiz bolsa, şonça-da köp täsiri bolar. Şonuň üçin soňra ökünmeziňiz ýaly häzirden başlaň!
Suw içiň. Adam bedeniniň 55-78 göterimi suwdan ybarat. Suw bedendäki toksinleri aýyrýar, beýniniň işleýşini gowulandyrýar, myşsalaryň işini we bedeniň temperaturasyny sazlaýar. Her gün, azyndan, 10-15 bulgura çenli suw içmek maslahat berilýär.
Fiziki taýdan işjeň boluň! Fiziki işjeňlik hemmeler üçin peýdalydyr. Islendik ýaşda hem ýeňil görnüşli maşklary ýerine ýetirip bilersiňiz. Lukmanlar hepdede, azyndan, 2,5 sagat maşk etmegi maslahat berýärler.
Döwlet Annaýew,
Aşgabat şäherindäki Gaýragoýulmasyz tiz
kömek merkeziniň 2-nji hirurgiýa
bölüminiň müdiri.