Sagdyn durmuş üçin endikler

Bilermenler käbir endikleriň sagdyn durmuşda ýaşamak üçin peýdalydygyny belleýärler. Garramagyň gutulgysyzdygy hemmelere mälimdir. Şeýle-de bolsa, käbir endikler adamyň uzak ýyllap sagdyn ýaşamagyna ýardam edýär. Nature žurnalyndaky makalada bu endikler barada bellenilip geçilipdir. Ine, şol endikleriň käbiri:

Oňyn pikirlenmek. Haýsydyr bir zady ýagşa ýormak ýa-da meseläniň gowy tarapyny görmek adam saglygyna oňyn täsir edýär.Londonyň Patyşalyk kollejiniň hünärmeni Riçard Siowyň pikirine görä, erbet zatlaryň pikirini etmek saglyga oňaýsyz täsir edýär.

Oňyn pikirlenmek adamyň gartaşmagy bilen bagly ýüze çykyp biljek keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.Bu ýagdaý bedeniň gan aýlanyşynyň hem-de agramynyň kadaly bolmagyna ýardam edýär.Erbet zatlaryň pikirini etmek gan aýlanyşy artdyryp, adamyň tiz garramagyna getirýär.

Oturyp turmak. Sagdyn durmuş üçin maşk etmegiň peýdalydygy hemmelere mälimdir. Oturyp turmak bolsa, süňkleri we damarlary güýçlendirmegiň iň gowy maşk hereketleriniň biri hasaplanýar.

Wagtynda uklamak. Bilermenler her gün şol bir wagtda uklamagy, uklamak üçin ukyň gelmegine garaşmaly däldigini belleýärler. Şeýlelikde, ukyň gelmese-de, belli bir wagtda uklamagy endik edip bolýar. Geçirilen barlaglara görä, uly ýaşly adamlaryň üçden biri ýeterlik derejede ukusyny almaýar. Ýeterlik derejede uklamazlyk birnäçe nähoşluklara getirip bilýär.

Sagdyn iýmitlenmek. Adamyň iýýän iýmiti saglygyna täsir edýär. Merjimek, fasol, noýba we nohut ýaly kösükli ekinleriň dänelerinden taýýarlanan iýmitler adam saglygy üçin has peýdaly.

Myrat BERDINÝAZOW,

Babadaýhan etrap hassahanasynyň lukmany.

Ýene degişli makalalar

Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Äpet buz döwüler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar