Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy

Şweýsariýada geçirilen parlament saýlawlarynda sagçy konserwatiw Şweýsariýanyň Halk partiýasy ýeňiş gazandy. Bu saýlawlarda Şweýsariýanyň Halk partiýasynyň (SPP) 28,6% ses alandygy belli boldy. Ol Milli Geňeşdäki fraksiýasyny 9 orun artdyrdy we häzirki wagtda 62 deputat ornuna eýe boldy.

Ondan soň 41 orun bilen Sosial-demokratik partiýasy gelýär. “Merkez” partiýasy 29 sany parlament ornuna eýe boldy. “Erkin demokratik partiýasy. Liberallar” – 28, “Ýaşyllar” partiýasy – 23. Respublikanyň mejlisinde wekilçilik edýän beýleki partiýalar bolsa ep-esli yzda galdy.

“Şweýsariýada geçirilen häzirki parlament saýlawlarynyň käbir üýtgeşik aýratynlyklary göze ilýär. Şweýsariýanyň Halk partiýasy 2015-nji ýyldaky öňki rekord netijesine gaty golaýlaşyp, hemmeleriň ünsi ýurtda möhüm hasaplanýan migrasiýa meselesinde jemlendi. “Bloomberg”-iň belleýşi ýaly, Şweýsariýanyň Halk partiýasy ýurduň öňden gelýän bitaraplygyny berkitmäge tagalla edýär.

Milli Geňeşdäki Şweýsariýanyň Halk partiýasynyň fraksiýasynyň lideri Tomas Aşi SRF telewideniýesine beren interwýusynda – Bu saýlawlaryň netijesi immigrasiýa syýasatynyň hasam güýçlendirilmegine sebäp bolar – diýdi.

Şweýsariýa döwleti Günbatar Ýewropadaky bir döwlet bolup, 26 kantondan ybarat federal Respublikadyr.Bu ýurt Günbatar, Merkezi we Günorta Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýär, günortada Italiýa, günbatarda Fransiýa, demirgazykda Germaniýa, Awstriýa we gündogarda Lihtenşteýn bilen serhetleşýär.

Alp daglary sebitiň köp bölegini tutsa-da, takmynan, 8,5 million ilaty bolan Şweýsariýanyň ilaty, esasan, iki sany global şäher – Sýurih we Ženewa ýaly iň uly şäherleriň ýerleşýän platosyna jemlenendir.

Ýene degişli makalalar

“Erkinlik” partiýasy öňde barýar
Ýaponiýada parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlar geçirildi
Sesleriň köplügine eýe boldy
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy