Dünýäniň iň ýokary tizlikli ýolagçy otlusy Hytaýyň Şanhaý şäherinde bolup, onuň tizligi sagatda 431 km-e ýetýär. 30 km aralykda hereket edýän otly şäheriň aeroporty bilen şäher merkeziniň arasynda ýolagçy gatnawyny amala aşyrýar.
Has uzak aralykdaky ýolagçy otlularynyň tizligi babatda hem Hytaý öňdeligi eýeleýär. “Maglev” kysymly bu otlularyň tizliginiň ýokary bolmagynyň esasy sebäbi magnit arkaly otlynyň relse degmän hereket etmegidir. Şeýlelikde, sürtülme zerarly tizlik peselmän, otly howada hereket edýär.
Golaýda bu ýurtda nusgalyk ýene bir otly tanyşdyryldy. “China Railway Rolling Stock Corporation” (CRRC) kompaniýasynyň işläp düzen otlusynyň tizligi 600 km/s.Ulanyşa girizilende jemgyýetçilik ulagy Pekin-Şanhaý aralygyny 3,5 sagatda geçer. 1100 kilometrden gowrak bolan bu iki şäheriň arasy howa gatnawy arkaly 2 sagat 20 minut çemesi wagtda geçilýär.
Adaty ýolagçy uçarlary 880 920 km/s aralygynda hereket edýär.Otlynyň 600 km/s tizlik bilen hereket etmegi bolsa, olaryň uçarlar bilen bäsleşip biljekdigini görkezýär.Geçirilen synaglar üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda 2021-nji ýyldan başlap, bu otlularyň önümçiligine başlanar.Ýeri gelende aýtsak, ýokary tizlikli otlulary öndürmegi bilen tanalýan Ýaponiýa 2015-nji ýylyň aprelinde synag sürüşinde 603 km tizlik bilen öz rekordyny täzeläpdi.
Häzirki wagtda ýurduň Tokio bilen Nagoýa şäherleriniň arasynda ýokary tizlikli demir ýoly gurulýar. 2027-nji ýylda ýolagçylary gatnadyp başlajak otlular sagatda 505 km tizlik bilen hereket eder.