Sagatdaky tizligi 490/km

Dünýäniň iň gymmat we kuwwatly ulaglaryny öndürýän “Bugatti” kompaniýasynyň “Chiron” modeli bilen tizlik rekordy täzelendi.Endi Uollesiň dolandyran ulagy 490 km/s tizlige ýetip, dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy boldy.

Fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Winkelmann öz öňünde goýan maksatlaryna ýetendiklerini we mundan soňra tizlik rekordy üçin synag geçirmejekdiklerini aýdýar.Ol “Bugatti”-niň maksadynyň sagatda 480 km tizlik bilen gidýän ulagy öndürmekdigini, bu maksada ýetendiklerini we mundan soňra başga ugurlara üns berjekdiklerini aýtdy.

Tizlik rekordyny goýan modeliň 8 litrlik 16 silindrli motorynyň kuwwaty 1500 at güýjüne barabar.Deňeşdirmek üçin, “Formula 1” ýaryşlaryna gatnaşýan awtoulaglaryň kuwwaty ortaça 900 at güýjüne barabar bolýar. “Chiron” modeli 2017-nji ýylyň güýzünde Huan-Pablo Montoýanyň dolandyrmagynda başga bir rekordy hem goýupdy.

Ulag iň gysga wagtda ýokary tizlige ýetip, soňra-da iň gysga wagtda durmak boýunça geçirilen synagda sagatda 400 km tizlige 32,6 sekuntda ýetip, 400 km/s tizlikde barýarka 9,36 sekuntda durmagy başarypdy. Şeýlelikde, bu model 0 km — 400 km — 0 km tizlik aralygyny bary-ýogy 42 sekuntda, 3112 metr aralykda ýerine ýetirdi.

Emma bu rekordy bir aý çemesi wagtdan soňra “Koenigsegg” kompaniýasynyň “Agera RS” modeli täzeledi. “Agera RS”-iň görkezijisi 36,44 sekunt bolupdy.Mundan ozalky tizlik rekordy hem “Koenigsegg” kompaniýasynyň agzalýan modeline degişlidir.

Bu ulag 2017-nji ýylda geçirilen synagda 447 km/s tizlige ýetmegi başarypdy.Şeýle hem 2010-njy ýylda “Bugatti Veyron Super Sport” modeli 430,9 km/s tizlik bilen hereket edip, şol wagtky rekordy goýupdy.

Tizlik rekordlary bu iki kompaniýadan başga “Hennessey” we “SSC North America” şereketleriniň modelleri tarapyndan hem goýlupdy.

Ýene degişli makalalar

Bu gezek rekord goýdy
ABŞ-da iki aýry uçar heläkçiligi başdan geçirildi
Neýmar 43 million funt sterlinge öý satyn aldy
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
“Touareg” Ygtybarly ulag