Şagadam hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Türkiýäni saýlady

Şagadam hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Türkiýäni saýlady

Altyn Asyr, Merw we Aşgabat futbol toparlaryndan soň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam topary hem daşary ýurtda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar.

Topar şu gün Türkiýäniň gyşky sport görnüşleri bilen tanalýan Kartepe kurort şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Aşgabadyň halkara howa menzilinden Türkiýe Respublikasyna ugrady. Şagadamyň Türkiýedäki türgenleşikleri 8-nji awgusta çenli dowam eder.

Şagadam Türkiýede ýerli we daşary ýurt toparlarynyň 6-7 sanysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Deslapky maglumatlara görä, Şagadam 23-nji iýulda Kuweýtiň Kuweýt futbol topary bilen güýç synanyşar. 27-nji iýuldaky garşydaş bolsa Türkiýäniň Amedspor futbol topary bolar.

Ýene degişli makalalar

27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TFÇ ― 2024: Aşgabat Şagadamy ýeňip, bäşinji orna çykdy
TFÇ ― 2024: Merw bilen Nebitçi 900-nji duşuşygyny geçirdi
TFÇ ― 2024: Köpetdag möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy