
Paýtagtymyzyň Altyn Asyr toparynyň goragçysy Gurbangeldi Batyrow öňümizdäki möwsümde Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam toparynyň düzüminde çykyş eder. Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň düzümine Ruslan Priýew, Merdan Paltaýew (ikisi-de “Energetik”), Elýas Akyýew (“Köpetdag”), Hakmuhammet Bäşimow (“Aşgabat”) hem-de Orazgeldi Seýidow (“Ahal”, kärendesine) dagy hem goşuldy.
Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.
Şeýle-de, bu topar geçen möwsüm hem özlerinde çykyş eden “Altyn Asyryň” oýunçylary Mekan Aşyrow bilen Resul Mahmydowyň kärende möhletini uzaltdy.
Mundan başga-da, Şagadam topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda geçiren 14 duşuşygynda toplan 21 utugy bilen 3-njy orny eýeledi.