Safranboly Zagpyrany

Safranboly Zagpyrany

Türkiyäniň Gara deňiz sebitindäki Karabük şäheriniň Safranbolu etraby taryhy we syýahatçylyk aýratynlyklaryna eýe bolan Safranbolu öýleri bilen birlikde zagpyran ösümliginiň önümçiligi bilen hem giňden tanalýar.

Safranbolu geografiki ýerleşişi taýdan Gara deňiz klimaty bilen Iç Anadoly klimatynyň arasynda geçiş aýratynlygyna eýedir.

Safranbolunyň Täjirçilik we senetçilik palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2009-njy ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Safranbolu zagpyrany, ýaldyrawuk goýy gyzyl reňkli, özüne mahsus tagamy, ysy we aromady bolan lukmançylyk we hoşboý ysly ösümlikdir.

Zagpyranyň önümçiliginde ösümligiň ekiljek ýeri azyndan 2-3 gezek sürülip, ekiş işleri üçin taýar ýagdaýa getirilýär we ekiş işleri awgust aýynda amala aşyrylýar. Ösümlik ilkinji ekiş işlerinden soň, topragyň aşagyndan 2-nji we 3-nji ýyl hem ösmäge dowam edýär.

Ekiş işlerinden soň, ösümligiň üstüne ýanan ders serilip, onuň hem üsti toprak bilen örtülýär.Zagpyran ýetişmegi bilen birlikde zyýanly haşal otlardan goranmagy üçin ýygy-ýygydan ýer ýumşadylýar.Zagpyran gülüniň hasyly bolsa ir ertir bilen güller açan mahaly el bilen ýygnalýar. Ýygnalan güller tebigy ýagdaýda yşyklandyrylan, ýapyk bir ýerde we oda temperaturasynda, arassa matanyň üstüne goýulyp guradylýar.

Guratmak işlerinden soň zagpyran terligini uzak möhletläp goramagy üçin çüýşe bankalarda gorap saklanýar.

Esasan hem tagamy, ysy we aromady ýaly aýratynlyklaryna täsir ýetirjek çygly ýerden uzak, göni günüň yşygyny görmeýän, ýarym kölege ýerler ammarlama işlerinde ileri tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Administratiw temmi alan raýatlar, esgerler pagta ýygymyna mejbury çekilýär, býujetçiler pul töleýär
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer A.Ýazmyradowyň we häkimleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
Ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine tarap
Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna badalga berildi
Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi