ŞÄRIKLI EKIN

(Türkmen halk ertekisi)

Günleriň birinde göle, geçi we sakyrtga şärikli ekin ekmäge çykypdyr. Bular bir boşluk meýdana ekin ekjek bolsalar, bir tilki gelip:

− Bu ýer meniň atamdan galan miras ýerdir. Meni hem şärik etmeseňiz, size bu meýdanda ekin ekdirjek däl − diýipdir. Onda göle:

− Bolýar, saňa-da bir paý beräýeris − diýipdir.

Soňra tilki:

− Men size azalyň gulak çöpüni getireýin − diýip gidipdir. Aradan esli wagt geçipdir, emma tilki gara bermändir.

Bular bugdaýy ekip, orup, döwüp harman edende, hälki tilki bir ýerlerden peýda bolupdyr.

Göle tilkini görüp:

− Wiý, tilki dost, sen ýekeje gün hem işlemediň. Sen bu harmana zähmet siňdirmediň. Şonuň üçin saňa hiç zat berjek däl − diýipdir. Onda tilki:

− Geliň, şu ýerden ylgaşalyň! Kim öňürti barsa, harmany şol alsyn. Yza galana zat ýok − diýipdir.

Sakyrtga hem tilkiniň sözüni makullap:

− Geliň, şeýle edeliň − diýipdir.

Muňa hemmesi razy bolupdyr. Ylgaşanlarynda, tilki olardan öňe düşüpdir. Sakyrtga bolsa, bildirmän tilkiniň guýrugyna ýapyşan eken. Tilki hemmeden öň baryp, harmanyň üstünde oturjak bolanynda, sakyrtganyň:

− Waý, meni öldürdiň − diýen sesi eşidilipdir.

Tilki muňa geň galyp:

− Sakyrtga dost, sen haçan geldiň? − diýip sorapdyr.

Onda sakyrtga:

− Aý, meniň bireýýäm harmana gelip, dem-dynjymy alyp oturşym diýip, jogap beripdir.

Şeýdip, harmany büs-bütin sakyrtga almaly bolupdyr. Ýöne akylly sakyrtga bile ekin eken şärikleri göle we geçi bilen harmany paýlaşypdyr. Tilki bolsa, öz emeline özi çolaşyp, hiç zatsyz galypdyr.

Halal zähmet baky döwlet

Ýene degişli makalalar

Gargadan ýeňlen tilki
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Towuk we tilki
Towuklara han boljak tilki
Ýeňijiler mälim edildi