Şäherara ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryň sany dörde ýetirildi

Şäherara ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryň sany dörde ýetirildi

2021-nji ýylyň maý aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde hepde-de üç gezek hereket edýän Aşgabat Daşoguz we Daşoguz Aşgabat, Aşgabat Mary we Mary Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat Türkmenbaşy we Türkmenbaşy Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawyna ýene-de bir gatnaw goşulyp, hepdelik gatnawyň sany dörde ýetirildi.

Bu barada Awtoulaghyzmaty AGPJ resmi saýtynda habar berýär.

Gatnawlaryň täzelenen tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Maglumat hökmünde ýolagçylaryň berjaý etmeli düzgünlerini ýene bir gezek ýatladýarys:

1. Ýurdumyzyň çäklerine ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ulag serişdeleriniň ähli görnüşlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň Tertibine laýyklykda, Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilmeli.

2. Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine laýyklykda ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasy we Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy bolmaly.

3. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty şu tertibiň ikinji bölegindäki resminamalar talap edilmeýär.

4. Şäherara ugur boýunça gatnaýan awtobuslara başlangyç we ahyrky duralgadan başga ýerlerde ýolagçy mündürmegi gadagan etmeli.

5. Her bir ýolagçy awtomenzile girmezden ýa-da awtobusa münmezinden öň bedeniniň gyzgyny ölçenilip, antiseptiki serişdeler bilen elleri zyýansyzlandyrylmaly, awtomenzilde we awtobusda agyz-burun örtüklerini ulanmagy, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmeli.

6. Ýolagçylaryň ýol petegi we degişli saglyk kepilnamasy bolmadyk we bedeniň gyzgyny ýokary bolan ýagdaýynda, olaryň awtobuslara mündirilmegini gadagan etmeli.

7. Şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslar diňe welaýatlaryň araçäklerinde ýerleşýän gara ýollaryň ugrundaky gözegçilik nokatlarynda saklanylyp we ol ýerdäki topar tarapyndan ýolagçylaryň degişli resminamalary barlanylyp bilner, şol wagtda sürüji awtobusyň içini ýelejiretmeli.

8. Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik howpsuzlyk bölümi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we kesselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we Türkmenawtoulaglary agentliginiň Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasy tarapyndan tertip düzgüniň we jemgyýetçilik gigiýena düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edilmeli.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Awtomobil ulаg hyzmaty kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Awtomobil ulаg hyzmaty AGPJ sürüjileri işe çagyrýar