Şäher ulag duralgasyny paýtagtyň daşyndaky toplumdan yzyna köne ulag parkyna geçirdiler

Şäher ulag duralgasyny paýtagtyň daşyndaky toplumdan yzyna köne ulag parkyna geçirdiler

2020-nji ýylyň oktiýabrynda Aşgabadyň demirgazygyndaky “Altyn asyr” bazarynyň öňünde awtoulag toplumy açyldy we soňra ol ýerä Aşgabadyň ýolagçylar awtoulag kärhanasyny hem geçirdiler.

Mundan öň ol Magtymguly şaýolynyň gündogar böleginde 11-nji ýaşaýyş etrapçasynda ýerleşýärdi.

Hut şu ýerä şäher awtobuslarynyň iş sagady tamamlanan sürüjileri we taksiçileri öz ulagyny getirip goýmalydy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, häzir ýenede şäher ulagy Aşgabadyň dürli bölegindäki awtoparklara şu toplamdan iberilýär. Şol sanda, ol indi 11-nji ýaşaýyş etrapçasynda ýerleşýär.

Mundan beýläk paýtagtyň daşyndaky awtoterminal Aşgabat-sitiniň gurluşyk tehnikasynyň we hyzmat gullugynyň duralgasy hökmünde ulanylar. Ol Aşgabat-sitiden üç kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Şol bir wagtda, awtobus sürüjileri we taksiçiler bu karardan hoşal. Çünki, ulag indi şäheriň çetinde ýerleşer.

Owallar sürüjiler ir bilen işe gitmegiň we gije işden soňra öýe dolanmagyň ezýetdiginden şikaýat edýärdiler.

Häzir köne awtomobil kärhanalarynda abadanlaşdyrma işleri alynyp barylýar. Şol sanda, 11-nji we 30-njy ýaşaýyş etraplaryndaky awtobus garažlar hem abadanlaşdyrylýar.

Parahat-4 ýaşaýyş etrapçasynyň gündogaryndaky “Ýubileýnaýa” köçesiniň ugrundaky ulag duralgasy bolsa, taksiçileriň ulanmagyna berler.The post Şäher ulag duralgasyny paýtagtyň daşyndaky toplumdan yzyna köne ulag parkyna geçirdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýalary Türkmenistanda 19 taslama durmuşa geçirýär
Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet Baştutanlary Abu-Dabide gepleşik geçirdiler
Abu-Dabide türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi