Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurduň öňki Prezidentleriniň ählisi bilen duşuşyk geçirdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat kätibi habar berdi. Duşuşyga öňki Prezidentler Askar Akaýew, Kurmanbek Bakiýew, Roza Otunbaýewa, Almazbek Atambaýew we Sooronbaý Žeenbekow gatnaşdylar.
Sadyr Žaparow özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda şeýle duşuşygyň möhümdigini belläp: Meniň maksadym — öňki Prezidentleriň tarapdarlaryny birleşdirmek, halky we ýurduň ykdysadyýetini agzybirlkde ösdürmek diýip, ýazdy. Bu barada MIR 24 ýazýar.