ABŞ-nyň bölünişi barada gürrüň berýän Şadöwletiň synmagy atly film geçen dynç alyş günleri prokatda öňdeligi eýeledi, ýagny film premýera görkezilişlerinde 27 million dollar töweregi kassa ýygymlaryny toplady. Bu, esasan, az býujetli filmleri öndürýän A24 kinostudiýasy üçin rekord boldy diýip, Kinonews.ru ýazýar.
Filme tomaşa edenleriň 73 göterimi erkekler boldy, olaryň 57 göterimi 18-34 ýaş aralygyndakylardyr. Jyns dürlüligi babatda aýdylanda, Şadöwletiň synmagy atly filme tomaşa edenleriň 50 göterimi akýagyzlar, 24 göterimi latynamerikalylar, 12 göterimi garatenliler, 8 göterimi aziýalylar boldy.
Film ýurduň günorta, merkezi we günbatar ştatlarynda köp tomaşaçy ýygnady.
Filme 50 million dollar sarp edildi. Ol özüni ödär, girdeji hem getirer diýlip garaşylýar.
Şadöwletiň synmagynda ABŞ-da raýatlyk urşy wagty ýurduň Prezidentinden iň soňky gezek interwýu almak üçin barýan fotohabarçylaryň topary barada gürrüň berilýär. Baş keşpleri Kirsten Danst we Keýli Speni ýerine ýetirdiler.