
Ýakynda Senegalyň Bambali obasynda täze stadion açyldy. Ol Al-Nassryň hüjümçisi Sadio Maneniň serişdeleriniň hasabyna guruldy.
Täze stadionyň açylyş dabarasyna hüjümçiniň hut özi gatnaşdy. Sadio mundan ozal dogduk obasynda hassahana bilen mekdep hem gurdurypdy.
Mane 13-nji ýanwarda Kot-d’Iwuarda başlanjak Afrika kubogyna gatnaşmak üçin şu günler milli ýygyndynyň hatarynda türgenleşýär. Ol Senegalyň ýygyndysynda jemi 100 duşuşyk geçirdi. Dünýä belli ýyldyz bu duşuşyklarda 39 gezek tapawutlandy.