Saçy yssydan nädip goramaly?

Gün şöhlesiniň derimize peýdasy köp. Ýöne onuň zyýanly taraplary hem bar we biz onuň öňüni almak üçin alada etmeli bolýarys. Günüň ýiti şöhlesi saçyň zeperlenmegine gurak, döwük we gaty bolmagyna sebäp bolýar. Eýsem, saçymyzy Günden nähili goramaly, yssy howada nähili geýinmeli, saçymyza nähili ideg etmeli? Ine, şu sowallaryň jogaplary.

Laýyk şampuny saýlaň! Her kimiň saçynyň aýratynlygy başgaça bolýar. Käbir kişiniň saçy gury, käbiriniňki çalt goňaklaýar. Şol sebäpli saçymyz üçin laýyk şampuny saýlamaly. Eger şampun saçymyzyň görnüşine gabat gelmeýän bolsa, onda goňaklamak, ýaglanmak, düşmek ýaly oňaýsyz netijeler ýüze çykyp bilýär.

Kosmetika serişdelerinden gaça duruň! Howanyň gyzmagy bilen saçymyz gurak bolup başlaýar. Geçirilen barlaglarda reňklenen saçlaryň yssynyň täsiri zerarly ep-esli üýtgeýändigi anyklandy. Şonuň üçin bu döwürde saç bejergisinden gaça duruň! Tomusda saçyňyzy reňklemek ýa-da reňkini üýtgetmek isleseňiz, Gün batmazdan öň reňkläň! Saçyňyzy reňklemek üçin organiki maddalary saýlamak maslahat berilýär.

Kondisioner ulanyň! Kondisioner serişdesi çyglylygy we ýaşaýyş işjeňligini dikeltmäge ýardam edýär. Saçyňyzyň görnüşine we gurluşyna laýyk serişdäni saýlap alyň! Bu serişdäni hepdede bir gezek ulanmak maslahat berilýär.

Az şampun ulanyň! Her gün saçyňyzy ýuwmak saçyňyza we kelle deriňize zyýanlydyr. Şampun gaty köp ulanylsa, kelläňizi we saçyňyzy has hem guradyp biler. Köp derleýän bolsaňyz we saçyňyz ýagly bolsa yssy howa üçin has amatly ýeňil şampun gözläň!

Ýüzüşden soň ýuwuň! Ýüzülýän howuzlardaky hlor we Günüň ultramelewşe şöhleleri saçyň reňkini we deriniň düzümindäki belogy düýpli üýtgeşmelere sezewar edýär. Şol sebäpli isle deňizde bolsun, isle howuzda ýüzenden soň ýuwunmak saçyň zeperlenmeginiň öňüni alýar.

Saçyňyzy guradanyňyzda yssy howa üfleýän guradyjy enjamlary we saça şekil beriji ütükleri ulanmaň! Bular saçyňyzyň tebigylygyny ýitirer. Saçyňyzy otag temperaturasynda guradyň!

Saçyňyzy timarlaň! Saçyňyzyň uçlary yssyda köp döwülýär. Bu ýagdaý saçyň gury bolmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli saçyňyzyň ujuny gyrkyň! Eger saçyňyzyň gysgalmagyny islemeýän bolsaňyz, onuň ujuna ideg etjek we saçyňyzy janlandyrjak himiki goşundysyz emeli we tebigy melhemlerden peýdalanyň!

Reňkli saçyňyza ideg ediň! Saçyňyzy golaýda reňklän bolsaňyz, Günüň gyzýan wagty daşaryk çykmaň! Sebäbi reňkli saçlar idegi has köp talap edýär. Himiki bejergiler saça zeper ýetirip biler. Saça ideg önümlerini almaly bolanyňyzda, reňkli ýa-da bejerilen saçlar üçin ýörite öndürilen önümleri saýlamalydygyny unutmaň!

Köp suw içiň! Saçyňyzy Gün şöhlesinden goramak üçin ýokardakylaryň hemmesini ýerine ýetirýän bolsaňyz hem, ýeterlik mukdarda suw içmeseňiz, bary puç bolar. Çünki içýän suwuňyz, iýýän iýmitiňiz saç derisine we hiline täsiri edip bilýär. Iýmitiňizde mümkin boldugyça täze miweleri we gök önümleri iýmegi endik ediniň! Bu gurak howada saç üçin zerur idegdir.

The post Saçy yssydan nädip goramaly? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda taýyn Zerewşan tikinçilik sehi satuwa çykaryldy
Aşgabatda täze awtoulag ötüginiň açylyşyna nähili taýýarlyk görüldi. Içerden syn.
Onýedinjiniň yssy tomsy… (üsti ýetirilen)
Aşgabatda sowadyjylary we split-sistemalry zor bilen sökmegiň täze tapgyry başlandy
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan