Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda saç goňagyny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Kesgitli diagnoz we bejergi üçin hökmany suratda lukmanyňyza ýüz tutmagyňyzy ýene-de bir gezek ýatladýarys.
Goňak, kelle derisiniň dökülmegine sebäp bolýan giňden ýaýran ýagdaýdyr.
Goňagyň esasy sebäbi, derisi ýaglandyrýan, gyzardýan we dökülmegine sebäp bolýan seboreik dermatitdir.
Goňaga sebäp bolýan beýleki sebäpler şulardyr:
· Saçy kadaly we gowy ýuwmazlyk,
· Ýaramaz iýmitlenmek, witamin ýetmezligi,
· Sadap we egzema ýaly deri keselleri,
· Gel we saç tymarlaýyjy önümleriň ýygy ulanylmagy,
· Sowuk we gurak howa,
· Şampun bilen ýuwandan soň ýeterlik durulamazlyk,
· Pasyl çalşyklary,
· Şampuny çalyşmak,
· Saçy az ýa-da köp ýuwmak,
· Hili pes saç boýaglary,
· Gurak şertler, sowuk ýa-da yssy howa,
· Ýetginjeklik, stress, menopoz ýaly gormonal ýagdaýlar,
· Saçyň dersinde bajteriýanyň we kömelegiň emele gelmegi.
Goňagy aýyrmagyň tebigy ýollary:
Linonyň suwy:
Limonuň suwuny kelle deriňizden peýdalanmak üçin saçyňyzy ilki şampun bilen ýeňiljek ýuwuň. Çygly mahaly kelle deriňize barmaklaryňyzyň ujy bilen limonuň suwuny çalyň. Ýarym sagat soň ýeňilje şampun bilen saçyňyzy ýuwup, gowuja durulaň. Gowy durulamak möhüm, sebäbi limonuň suwundan saplanmadyk saçyň düýbi güne çykanda açylar. Limon saçyň derisini arassalaýar, artykmaç ýagy aýyrýar we kökleriň güýçlenmegini üpjün edýär.
Gül ýaglary: Saçyň derisini çyglandyrmak üçin gül ýaglary bilen massaž etmek maslahat berilýär.
Alma sirkesi:
Sirke anti bakterial özboluşlygy bien saçyň derisinde emele gelen zaýalanmalar üçin we öli derileriň arassalanyp, saçyň köküniň rahatlanmasy üçin ulanylyp bilner. 1 käse suw bilen 1 nahar çemçesi sirkäni goşup, şampun ýaly ulanyň. Ergini saçyň köküne çenli siňmegini üpjün ediň.
Tebigy ýaglar
Ulanýan şampunyňyzyň içine 20 damja narpyz ýagyny damdyryp, saçyňyzy ýuwmak maslahat berilýär.
Zeýtun ýagy:
Zeýtun ýagy bilen massaž edip bilersiňiz.
Düýedaban:
750 milli litr gaýnan suwuň içine bir tutum düýedabany salyp, 2-3 minut gaýnadyň. Suwandan soň süzüp, arassa saçyňyzy ýuwmak maslahat berilýär. Eger saçyňyzy arassa däl bolsa, ilki saçyňyzy ýuwuň.
Lawanda:
Bir tutum lawandany gaýnan suwa goşuň. 5 minut demläň. Soň sowaýança garaşyň. Sowan lawanda suwy bilen saçyňyzy ýuwuň. Ýarym sagat soň durulaň.
Kokos ýagy:
Duşa girmezden öň kokos ýagyny saçyňyza çalyň. Ýarym sagat garaşyň we saçyňyzy daraň. Soň ýyly suw we şampun bilen saçyňyzy ýuwuň. Ol deriniň çyglylygyny artdyryp, goňak we egzemany aýyrmak üçin peýdalydyr.
Çaý agajynyň ýagy:
Çaý agajynyň ýagy, ynjyk deriler üçin zyýanly bolyp biler. Şol sebäpli ony kokos ýagyna goşup ulanmak maslahat berilýär.
Gazly suw:
Saç ýuwulandan soň gazly suw bilen saça massaj etmek peýdalydyr. 5 minut garaşyp, durulaň.
Emma şunuň bilen bilelikde käbir üns berilmeli zatlar hem bar:
· D witamini we iýmitlenme endigiňizi kadalaşdyrmak goňagy azaldar.
Mysal üçin çaý, kofe, kafeinli we gazly içgileri içmegi azaldyň.
· Bakja we miwe önümlerini köpüräk iýmek maslahat berilýär.
· Her gün 2,5-3 litr suw içmeli.
· Boýag ýaly agyr himikatly kosmetiki önümlerden çetde duruň.
· Agyr şampunlar, saç preýi, gel, fen, saç şekillendiriji ulanmaň, ýa-da az ulanjak boluň.
· Esasanda fen, saç şekillendiriji ýaly saçyň derisini hasam guradýan işlerden çetde durmaly.