Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykdy  

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol Şotlandiýanyň Balmoral galasynda tomusky dynç alşyny geçirýärdi. Ýelizaweta II 6-njy sentýabrda ýurduň ozalky hökümet başlygy Boris Jonsony hem-de bu wezipä täze saýlanan Liz Trassy kabul edip, täze hökümeti gurmaga ygtyýar beripdi.

Bukingem köşgünde döwlet baýdagy aşak düşürildi. Patyşalykda 10 gün milli ýas yglan edildi. Indi britan tagtyna 74 ýaşly ogly Çarlz geçer.

1926-njy ýylyň 21-nji aprelinde dünýä inen Şa Zenany (doglan wagtyndaky ady Elizabet Aleksandra Meri) 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda kakasynyň ýerine tagta geçipdi.

Ýelizaweta II ýurduň taryhynda iň köp tagtda oturan monarh bolup, hökümdarlygynyň 70 ýyllygyny bellän ilkinji zenandyr.

Ýene degişli makalalar

Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Çarlz III şu gün Londonda Patyşa diýlip resmi yglan ediler
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi