S7 Airlines Aşgabatda geçirilýän ITTC-2024 halkara sergisinde öz hyzmatlaryny hödürleýär

S7 Airlines Aşgabatda geçirilýän ITTC-2024 halkara sergisinde öz hyzmatlaryny hödürleýär

Russiýanyň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan S7 Airlines Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024 (ITTC-2024) atly halkara sergisine gatnaşýar.

Kompaniýa sergide uçuşlary amala aşyrýan esasy ugurlary we ýygy-ýygydan saparda bolýan ýolagçylar üçin nýetlenilen amatly hyzmatlary bilen tanyşdyrýar.

S7 Airlines awiakompaniýasynyň pawilýonynda myhmanlar petekleri öňünden sargyt etmek, ýörite teklipler we täze ugurlar barada maglumat alyp bilerler. Mundan başga-da, kompaniýanyň wekilleri türkmen bazaryndaky gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gepleşikleri geçirmäge taýýardyr.

Ýeri gelende bellesek, S7 Airlines Skytrax reýtinginde Gündogar Ýewropanyň iň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň ilkinji üçlügine girýär. Dünýä reýtinginde bolsa bu awiakompaniýa 16-njy orny eýeleýär.

S7 Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasy Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow köçesiniň 174-nji jaýynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy
Turkish Airlines uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýeňillik bilen syýahat ediň: Turkish Airlines goşundysyny ýükläp alyň
Turkish Airlines-iň Aşgabatdaky satuw ofisi biletleri satyn almaga çagyrýar
“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanladýar