S.Türkmenbaşy etraby-Daşoguz arasynda sürüjiniň 'häkimi ozup geçmegi' minibus gatnawyna täsir etdi

S.Türkmenbaşy etraby-Daşoguz arasynda sürüjiniň 'häkimi ozup geçmegi' minibus gatnawyna täsir etdi

Daşoguz şäherinden etraplara gatnaýan ugurlaryň käbirinde minibuslaryň gatnawy doly kesildi. Azatlygyň habarçysy Daşoguzdan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna gatnaýan minibuslaryň duçar bolan bu gadagançylygynyň sebäplerini anyklady.

Daşoguz-Saparmyrat Türkmenbaşy aralygynda hereket edýän minibuslaryň gatnawy ýanwaryň başyndan bes edilipdir.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler bu gadagançylyga welaýat häkiminiň ýol hereketine degişli bir ýagdaýdan nägile bolmagy bilen baglydygyny gürrüň berdiler. Çeşmelere görä, minibuslaryň biri häkimiň barýan gulluk ulagynyň deňinden ozup geçipdir.

"Ýanwaryň başynda Daşoguzdan Oktýabrskiý etrabyna [häzirki ady Saparmyrat Nyýazow] barýan minibus welaýat häkimini[ barýan ulagyndan ozup geçip, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna gatnaýan ähli täze minibuslaryň gatnawyna gadaganlyk girizilmegine sebäp boldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri aýdýar.

Bu ýagdaý girdeji çeşmesini ýitiren ýerli ulag sürüjilerinde we ýolagçylarda nägilelik döretdi.

"Bu welaýat häkiminiň diýdimzor men-menligi halk üçin uly maddy zyýana we kösençliklere sebäp bolýar" diýip, daşoguzly çeşmeleriň ýene biri aýdýar.

Şol wakadan soň sebit ýolbaşçylary ýerli transport ulgamynda işleýän ähli sürüjileri ýygnap, ýygnak geçiripdir we häkimiň awtoulagyndan ozup geçmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugy yglan edilip, düşündiriş berlipdir.

"Welaýat häkimimiz ýaş ýigit, ýöne özüni gaty ulumsy alyp barýar.Minibus onuň deňinden obgon edip, geçen güni ähli şäher awtoparkynyň we etraplardaky döwlet taksileriniň, awtobuslaryň we minibuslaryň sürüjilerini ýygnap ýygnak geçirdiler.

Welaýat häkimi sürüjilere we park ýolbaşçylaryna 'meniň deňimden hiç bir ulagyň ozup geçmäge haky ýok, hatda tiz kömek ulagy bolsa-da' diýdi. Ýygnakda sürüjileriň adyna paýyş sözler hem aýdyldy" diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan çeşme aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan daşoguzlylaryň maglumatlaryna görä, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap awtoparkynyň ýolbaşçysy we häkimiň ulagyndan ozup geçen minibus sürüjisi işden boşadylypdyr.

Minibus gatnawynyň ýatyrylmagy Daşoguz şäherinden Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň arasynda gatnamaly bolýan ýolagçylara uly kynçylyklary döredipdir.

"Netijede halk 140 kilometr çemesi ýola döwlet bahasy 20 manat bilen welaýat merkezine gatnamak mümkinçiliginden mahrum bolup. Häzir diňe hususy taksiler ynsaplysy gündiz 90 manatdan, giç öýländen bolsa 120 manatdan adam başyna ýol kireý alýar" diýip, daşoguzly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Sürüjileriň gürrüň bermegine görä, ýanwaryň başyndan bäri ýola çykman üsti açyk parklarda duran minibuslary gar, ýagyş basyp olaryň sandan çykmak, çüýremek ähtimallygy uly. Ýerli awtoparklaryň döwlet tarapyndan üpjün edilen bu minibuslaryň arasynda "Toýota" kysymly awtoulaglar bar.

Daşoguz welaýatynyň awtoparklarynda şeýle täze awtoulaglardan häzirki wagtda 500 sany minibusyň we 200-den gowrak ýeňil taksi ulagynyň bardygyny çeşmeler habar berdiler.

Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň wekilleri we Saparmyrat Nyýazow etrabynyň awtoparkynyň wekilleri bilen resmi görnüşde gepleşip bilmedi.

Minibuslar ilat arasynda örän meşhur transport serişdesi hasaplanýar. Taksilerden arzan we awtobuslardan has ýygy gatnaýan minibuslar ýolagçylar üçin has amatly bolýar. Hususy transport hyzmatynyň bir görnüşi bolan minibus gatnawy sürüjiler üçin bolsa, gazanç çeşmesi bolýar.

Türkmenistanda minibuslaryň gatnawyna we tehniki guratlygyna degişli talaplar hem welaýatlarda, hem-de paýtagtda wagtal-wagtal girizilýär.

2018-nji ýylda Türkmenistanda zawoddan goýberilenine 10 ýyl dolan 8 adamlyk, hem-de 14 adamlyk “Gazelleriň” we “Hundaý” kysymly mikroawtobuslaryň ýola çykmagyna gadagançylyk girizilipdi.

Minibuslaryň gatnawynyň wagtal-wagtal ýatyrylmagy ilatyň gündelik durmuşyna erbet täsir ýetirýär.

Ýurtda jemgyýetçilik transportynyň ýeke-täk görnüşi bolan awtobuslar ýolagçylardan hyryn-dykyn bolýar we örän seýrek gatnaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gara reňkli awoulaglaryň “gara günleri”
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär
Boldumsazda bolan ýol heläkçiliginde alty adam öldi, Türkmenabatda bir adam ýaralandy
23.10.2018 | Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi
12.09.2018 | “Amul — Hazar 2018”: “Garagum ýalkymy” myhmanlary garşylaýar
"Aşgabat-2017" oýunlarynyň ýeňijilerine gowşurylan Toýotalaryň’ käbiri yzyna alyndy