S.Berdimuhamedowa pile öndürilişiniň we “Soňky jaňa” taýýarlygyň tamamlanandygy barada hasabat berildi

S.Berdimuhamedowa pile öndürilişiniň we “Soňky jaňa” taýýarlygyň tamamlanandygy barada hasabat berildi

23-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Welaýat häkimleri galla hasylynyň ýygnalyşyna taýýarlyklar,pile önümçiligi möwsüminiň tamamlanandygy, ýeralmanyň we pagtanyň ýetişdirilişi, desgalaryň gurluşygy we “Soňky jaňa” taýýarlyklar barada hasabat berdiler.

Prezident şeýle buýruklar berdi:

-galla orýan ulaglaryň we ýygnalan gallany daşamak üçin awtoulaglaryň,şeýlede kabul ediş nokatlarynyň bökdençsiz işlerini üpjün etmeli.TDH-niň bellemegine göra, galla oragyna ýörite düzlen topar gözegçilik eder,

-Daýhanlaryň pagta meýdanlaryna mineral dökünler bermegini bökdençsiz üpjün etmeli.“Türkmenistanyň Hronikasynyň” mundan öň birnäçe gezek ýaýradan habarlaryna laýyklykda, kärendeçiler pagta meýdanlary üçin berilmeli mineral dökünler bilen üpjün edilmeýär we olar oba hojalyk tehnikalary üçin çykdajylara borçly edilýärler.

-ýeralmanyň we gök önümleriň ösdürilişine gözegçilik etmeli, olar bilen içki bazarlary üpjün etmeli we ilaty önümleriň bolçylygy bilen üpjün etmeli,

– “Soňky jaň” dabaralaryny ýokary guramaçylykda gurnamaly.

Mundan soňra Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewiň habaryna laýyklykda,onuň sebiti pile önümçilgi boýunça şertnama borçnamasyny ýerine ýetirip, 1010 tonna goza tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýewiň hasabatyna laýyklykda,onuň sebiti 440 tonnadan gowrak pile tabşyrdy we meýilnamasyny berjaý etdi.The post S.Berdimuhamedowa pile öndürilişiniň we “Soňky jaňa” taýýarlygyň tamamlanandygy barada hasabat berildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
S.Berdimuhamedow güýç ulanyjylara geljek ýedi ýylyň dowamynda öz edaralaryny ösdürmek barada meýilnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy