S.Berdimuhamedow sebitleriň ýolbaşçylary bilen her mejlisde suwy tygşytly ulanmagy buýurýar

S.Berdimuhamedow sebitleriň ýolbaşçylary bilen her mejlisde suwy tygşytly ulanmagy buýurýar

26-njy iýulda prezident Serdar Berdimuhamedow ASP boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow we welaýatlaryň häkimleri bilen iş mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Sebitleriň ýolbaşçylary däp boýunça galla we ýeralma hasylynyň ýygnalyşy, şeýlede pagta hasyly barada hasabat berdiler.

Prezident olara galladan boşan ýerlere öz wagtynda ekin ekmäge,ýetişen gök, bakja hem beýleki oba hojalyk önümlerini öz wagtynda ýygnamaga we ýurdyň bazarlaryny olar bilen üpjün etmäge taýýarlanmagy buýurdy.

Suwy tygşytly ulanmak aýratyn tabşyryk boldy.Bellesek, maý aýynda agyz suwy we ekerançylyk suwarymy meseleleri barada alada edenden soňra, kiçi Berdimuhamedow bu meseläni her mejlisde gozgaýar.

Hususanda, sebit ýolbaşçylaryna suw akabalaryny we zeýkeýleri arassalamak, şeýlede ýerler suwarylanda suwy tygşytly ulanmak buýrulýar.

Mundan birnäçe gün owal “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri Lebap welaýatynda suwuň ýetmezçilik edýändigi üçin zeýkeşleriň şor suwlary garylyp ekinleriň suwarylýandygyny habar berdiler.

Şonuň ýalyda, şu ýyl tabşyrylmagy meýilleşdirilýän birnäçe desgalaryň şol sanda, Ahal welaýatynyň edara merkeziniň gurluşyklaryna gözegçilik etmek buýruldy.

Balkan welaýatynyň häkimine “Awaza” milli syýahat zolagynda dynç alyş düýp gurluşlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek we raýatlaryň gowy dynç almagyny gurnamak aýratyn tabşyryldy.

Soňra Ýazmyradow “ýerleriň suwarym ýagdaýlaryny ösdürmek, suw baýlyklaryny tygşytly ulanmak we sebitleriň suw üpjünçiligi barada” prezidentiň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly hasabat berdi. TDH hasabat barada jikme-jik ýazmaýar,

Emma, prezident ýenede ýerleriň suw üpjünçiligini gowulandyrmagy, suw howdanlaryny arassalamagy we onuň gerimini giýeltmegi, şeýlede suwy tygşytly ulanmagy buýurdy.The post S.Berdimuhamedow sebitleriň ýolbaşçylary bilen her mejlisde suwy tygşytly ulanmagy buýurýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi
Ýokary derejeli kadr çalşygynyň arasynda, obasenagat toplumynda iş taşlaýan adamlar köpelýär
Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy, türkmenistanlylara täze operanyň ilkinji görkezilişi garaşýar, Türkmenistanda maliýe gözegçiligi boýunça hünärmenleriň ilkinji gutardyşy boldy we beýleki habarlar
Beýik Britaniýa bilen Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär