S.Berdimuhamedow maliýe boýunça wise-premýeri çalyşdy we iň pes aýlygy 110 manat artdyrdy

S.Berdimuhamedow maliýe boýunça wise-premýeri çalyşdy we iň pes aýlygy 110 manat artdyrdy

8-nji iýulda prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen alty aýdaky işler boýunça maslahatyny geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.

Ykdysadyýet we maliýe boýunça wise-premýer Muhammetguly Muhammedow IHD-niň we önüm öndürilişinde ösüşler barada hasabat berdi. Şeýlede 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetçileriň aýlyklaryny we kömek pullaryny köpeltmegi teklip etdi.

Muhammedowyň oňyn hasabatyna’ garamazdan, prezident “başga işe geçýändigi bilen ilteşikli” ony wezipesinden boşatdy. (Ol kiçi Berdimuhamedow prezidentlik wezipesini eýeländen sanlyja gün soňra geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde, 25-nji martda wise-premýer bellenipdi – (“TH-niň” belligi).

Täze wise-premýerlige Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadylan Hojamyrat Gedlimyradow bellendi.

(Ol 2020-nji ýylyň aprelinde rektor bolupdy.2005-2008-nji ýyllarda maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary hem ministr wezipelerini yzygiderli. 2009-njy ýylyň ýanwarynda “saglyk ýagdaýy sebäpli” işden boşadylypdy).

Mundan soňra prezident 2008-2022-nji ýyllarda 900 desganyň we gurluşlaryň gurlandygyny, 72 müň kilometrlik injener ulgamynyň çekilendigini aýdyp, 2022-2028-nji ýyllarda sosial-ykdysady ösüş Maksatnamalary tassyklamak we 2028-nji ýyla çenli obalaryň, şäherçileriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň sosial-durmuş şertlerini ösdürmek boýunça Milli maksatnamalar barada karara gol goýdy.

Ol aýlyklary we kömek pullary köpeltmek barada karara hem gol goýdy.

Oňa laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan :

-iň pes aýlygy 1160 manada(häzir 1050 manada deň-“TH-niň belligi”)ýetirmeli.

-Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlaryň hakyny 1880 manada (häzir 1710 manada deň-“TH-niň” belligi) ýetirmeli,

-BWU-na gatnaşanlaryň aýallarynyň we tylda zähmet çekenleriň hakyny 550 manada(häzir 500 manat) ýetirmeli,

-iň pes pensiýany 450 manada (häzir 410 manat) ýetirmeli,

-iň esasi kömek pullaryny 430 manada ( häzir 390 manat) ýetirmeli.

Täze wise-premýere hem birnäçe görkezmeler berildi.

Olaryň arasynda:

–her bir etraplarda we şäherlerde mätäçlere ýaşaýyş jaý gurluşyklary üçin serişdeler geçirmek,

–döwlet emläklerini hususylaşdyrmagy dowam etdirmeli, ministrlikleriň we edaralaryň hususylaşdyrylan emläklerini artdyrmak,

–täze iş ýerlerini döretmek,

–milli manadyň hümmetini ösdürmek,daşary ýurt walýutalary bilen ilteşikli amallary sazlaşdyrmak we ony gözegçilikde saklamak,

–iň pes aýlyklaryň derejesine täzeden seretmek hem bar.The post S.Berdimuhamedow maliýe boýunça wise-premýeri çalyşdy we iň pes aýlygy 110 manat artdyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy)
Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
S.Berdimuhamedow güýç ulanyjylara geljek ýedi ýylyň dowamynda öz edaralaryny ösdürmek barada meýilnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy