S.Berdimuhamedow kärdeşi Putiniň doglan gününe gök,bakja önümleri we ir-iýmişleri sowgat etdi

S.Berdimuhamedow kärdeşi Putiniň doglan gününe gök,bakja önümleri we ir-iýmişleri sowgat etdi

“Dosýe” merkezi prezident Putiniň 70 ýaş toýuna daşary ýurtly kärdeşleriniň, rus emeldarlarynyň eden sowgatlaryny aýan etdi.

Şunlukda, prezident Serdar Berdimuhamedow kärdeşi Putine 30 guty gök,bak önümlerini we ir-iýmişleri sowgat etdi. Neşir sowgat edilen azyk önümleriniň doly sanawyny çap etdi. Bellemeli zat, rus dilindäki sanaw gramatiki ýalňyşlar şol sanda, prezidentiň ady bilen düzülipdir.

Sebit boýunça kärdeşleri barada aýdylanda, Täjigistanyň prezidenti Emamoli Rahmon gawun-garpyzdan ybarat piramidany, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz suraty we goly bolan medaly,iki lideriň suratlaryndan ybarat albomy we däp bolan gazak şypa içgileri sowgat etdi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko üç guty spirtli içgi, şekelat, peýnir-sujuk önümleri we traktor sertifikaty sowgat etdi.

Putin özüniň doglan gününi 7-nji oktiýabrda Sankt-Peterburgda belledi we şol gün GDA liderleriniň resmi däl duşuşygy boldy. Oňa kiçi Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Bellesek, 29-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow 65 ýaş toýyny bellände, (Hazarýaka döwlet liderleriniň Aşgabatda gurnalan sammitine gatnaşan) Putinýöňki kärdeşine iki gylyç, küşt we üsti çapyksuwarly atyň heýkelini sowgat edipdi.

The post S.Berdimuhamedow kärdeşi Putiniň doglan gününe gök,bakja önümleri we ir-iýmişleri sowgat etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Türkmen häkimiýeti suw joşmasyna ilata basyş etmek we IMO-ny petiklemek arkaly çemeleşýär
Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
S.Berdimuhamedow güýç ulanyjylara geljek ýedi ýylyň dowamynda öz edaralaryny ösdürmek barada meýilnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy