29-njy iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we medeniýet boýunça wise-premýerlerine käýinç yglan etdi, söwda ministrini belledi.
Gurluşyk,senagat we energiýa toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekow “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Emma, olaryň nämelerdigi barada TDH döwlet täzelikler gullugy habar bermeýär.
Emeldaryň gözegçilik edýän edaralaryndaky işler boýunça hasabaty käýinje sebäp boldy. Ol 6-njy awgustda bellenýän gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe görülýän taýýralyklar,onuň bilen ilteşikli geçiriljek “2022-nji ýylda Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energiýasy” sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat hem energiýa pudaklarynyň ösmegi” atly ýygnak bilen bagly hasabat berdi.
Soňra Pürçekow Garabogaz aýlagy arkaly çekiljek köpriniň gurluşygyna (8-nji awgustda) dabaraly ýagdaýda başlanjakdygy (ony ukraýinanyň “Altkom” şirketi gurar) bilen ilteşikli taslamany we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda guruljak aýna sehi barada taýýarlanan karary hödürledi.
Resminama laýyklykda, günde 100 tonna aýna öndürjek sehi gurjak “Rysgally zähmet” şirketi bilen senagat-gurluşyk ministrligine şertnama baglaşmaga rugsat edildi.
Onuň gurluşygyna şu ýylyň iýulynda başlamaly we ony 2025-nji ýylyň iýunda tamamlamaly.
Şu wagta çenli Çarymyrat Pürçekow geçen ýylyň dekabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan käýinç alypdy.
_______________________
“Gözegçilik edýän edaralary boýunça işde goýberen kemçilikleri üçin” medeniýet we KHS boýunça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa hem kaýinç yglan
edildi. Ol Garaşsyzlyk we Hazar deňzi günleri baýramlaryna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi. Prezident öňde durýan dabaralaryň ýokary guramaçylygyny üpjün etmegi Mämmedowa buýurdy.
5-nji awgustda Mämmedowa Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda çagalar üçin “Arkadagyň nesilleri” dynç alyş merkeziniň açylyşyna gatnaşar.
Ahyrky gezek Mämmedowa telegepleşikleriň hiliniň pesdigi üçin maý aýynda käýinç alypdy.
Görnüşi ýaly, prezidentiň nägileligi öňkiligine galýar we ol “Türkmenistan” telekanalynyň başlygy Şirgeldi Işangulyýewi “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy.Onuň ýerine prezident tarapyndan “Diýar” jurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadylan Ýagmyr Nuryýew bellendi.
Mundan başgada, KHS boýunça wise-premýeriň hasabaty wagtynda prezident Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jennet Geldimämmedowany başga işe geçýändigi sebäpli wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine Oguljennet Berdiliýewa bellendi.
___________________
Şol günüň özünde, prezident öz karary bilen Begenç Goçmollaýewi söwda ministri belledi. Mundan öň ol ministriň orunbasary we wagtlaýyn söwda ministri wezipelerini eýeläpdi.
Söwda we daşaryykdysady gatnaşyklar boýunça öňki ministr Orazmyrat Gurbannazarow “saglyk ýagdaýy sebäpli” 19-njy aprelde prezidentiň karary bilen wezipesinden boşadylypdy.The post S.Berdimuhamedow gurluşyk we medeniýet boýunça wise-premýerlere käýinç yglan etdi, söwda minsitrini belledi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.