5-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar beripdi.
Güýç edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatyndan soňra kiçi Berdimuhamedow olara özleriniň ýolbaşçylyk edýän gurluşlaryny 2022-2028-nji ýyllarda ösdürmek barada meýilnamalary taýýarlamagy we bellenilen düzgün boýunça tassyklamaga hödürlemegi tabşyrdy.
Bu “harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işlerini has döwrebap derejede gurnamak üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmek üçin” edildi.
Ýatlasak, 25-nji martda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Serdar Berdimuhamedow geljek 7 ýylda döwleti ösdürmek barada Prezidentiň maksatnamasyny taýýarlamagy we Ministrler Kabientinň garamagyna hödürlemegi wise-premýerlerine tabşyrypdy.The post S.Berdimuhamedow güýç ulanyjylara geljek ýedi ýylyň dowamynda öz edaralaryny ösdürmek barada meýilnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.