S.Berdimuhamedow birnäçe etraplaryň we şäherleriň prokurorlaryny çalyşdy

S.Berdimuhamedow birnäçe etraplaryň we şäherleriň prokurorlaryny çalyşdy

20-nji aprelde, bir aý mundan öň prezident bolan Serdar Berdimuhamedow prokurorlary çalyşdy diýip döwlet täzelikler gullugy TDH maglumat berýär.

Birnäçe etraplaryň we şäherleriň prokurorlary wezipe möhletleriniň tamamlanandygy üçin çalşyldy:

-Aşgabat şäher prokurorynyň başlygynyň orunbasary, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Perman Ataýew wezipesinden çetleşdirildi.Onuň ýerine kimiň bellenendigi entek yglan edilmedi,

-Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Myrat Myradowyň ýerine adalatyň geňeşçisi Döwletgeldi Mämmetamanow geçdi,

-Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň prokurory, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Garýagdy Jumalyýewiň ornuna ýustisiýanyň geňeşçisi Nurberdi Meredow bellendi,

-Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň baş prokurory, 1-nji synp hukukçy Maksat Hudaýgulyýewiň ornuna, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Gaýgysyz Toparow bellendi, ol mundan öň Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň prokurorydy,

– Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň prokurory edilip, ýüstisiýanyň geňeşçisi Begenç Gurbangulyýew bellendi, ol mundan öň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň prokurorydy,

– Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň prokurorlygyna Serdar Çaryýew bellendi,

– Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrabynyň prokurory, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahym Akmyradowyň ornuna 1-nji synp hukukçy Meýlis Ataýew boldy.

– Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň prokurory, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbanowyň ýerine 1-nji synp hukukçy Rüstem Daňatarow boldy.

– Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň prokurory, 1-nji synp hukukçy Döwlet Çaryýewiň ornuna ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Aşyrgeldi Annasähedow bellendi.

-Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi Nagmatnur Kakabaýewiň ýerine kiçi adalat geňeşçisi Batyr Artykow geçdi.The post S.Berdimuhamedow birnäçe etraplaryň we şäherleriň prokurorlaryny çalyşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Türkmenistandaky sekiz taryhy ýadygärlikde uly arheologik işler geçirildi
Köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi
Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy
MHM we IIM edaralary gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlary 'awlaýarlar'
2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin abuna ýazylyşygy dowam edýär