S.Berdimuhamedow Arkadag futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekdi

S.Berdimuhamedow Arkadag futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow göni aragatnaşykda döwlet Baştutanyny we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

D.Orazow öz çykyşynyň dowamynda ýakynda Arkadag futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habary mälim etdi we döwlet Baştutanyndan Arkadag futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurduň çempiony bolandygyny we final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi hem-de Arkadag futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw edip, topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Türkmen häkimiýeti suw joşmasyna ilata basyş etmek we IMO-ny petiklemek arkaly çemeleşýär
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
S.Berdimuhamedow güýç ulanyjylara geljek ýedi ýylyň dowamynda öz edaralaryny ösdürmek barada meýilnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy
Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar
S.Berdimuhamedowa pile öndürilişiniň we “Soňky jaňa” taýýarlygyň tamamlanandygy barada hasabat berildi