S.Atabaýaew abraýly ýaryşda ýeňlişsiz ýörüşini dowam etdirýär

S.Atabaýaew abraýly ýaryşda ýeňlişsiz ýörüşini dowam etdirýär

Türkmenistanly küştçi Saparmyrat Atabaýew Daşkent şäherinde geçirilýän halkara küşt ýaryşynda üstünlikli ýörüşini dowam etdirýär. Has takygy, Prezident kubogy diýlip atlandyrylýan bu ýaryşda türkmen küştçüsi 5 tapgyrdan soňra 4 utuk toplap, ikinji orny ýedi küştçi bilen bölüşip dur. Birinji ýerdäki ýer eýesi Jawohir Sindarowda bolsa 4,5 utuk bar.

Saparmyrat Atabaýew ýaryşdaky deslapky 2 oýnuny deňlikde tamamlan bolsa, soňra bassyr 3 ýeňiş gazandy. Şu gün ol özi ýaly 4 utuk toplan hindistanly Nihal Sarin bilen güýç synanyşar. Bu gapma-garşylykda türkmen türgeniniň ak mallar bilen oýnaýandygyny göz öňünde tutsak, onuň ýene ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary.

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 75 müň amerikan dollaryna barabardyr. Oňa Türkmenistan bilen bir hatarda, Hindistandan, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Eýrandan, Azerbaýjandan we Ukrainadan türgenler gatnaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen küştçüsi baýrak gaznasy 75 müň dollarlyk ýaryşa gatnaşýar
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi