Belent ösüşlere hem özgerişlere beslenýän berkarar döwletimizde gazanylýan her bir üstünligini dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Agrosenagat pudagynda zähmet çekýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň hem-de Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Hasyl” toýy mynasybetli “Rysgal-bereketli, döwletli Watan” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow açdy.Ol, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gülläp ösüşleri başdan geçirýän ata Watanmyzda oba hojalygy pudagynda amal edilýän döwrebap özgertmeler we onuň dünýä derejeli ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli ugurlary babatda gazanylýan üstünliklerde welaýatymyzyň zähmetkeş halkynyň, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň-da mynasyp goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen belläp geçdi.
Maslahatda guralan çykyşlary Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Gadam Kazakow, Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Batyr Uzakberdiýew, Şabat etrabynyň Bossan daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Sähra Saparlyýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň agrosenagat pudagy boýunça utgaşdyryjysy Aşyr Agamedow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň talyp hakynyň eýesi Begmyrat Geldiýew, dagylar çykyş etmek bilen, welaýatymyzyň halk hojalygynda we oba hojalygynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler we şol işlere Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler halkyň bagtyýar durmuşynyň, döwletiň gülläp ösüşleriniň, ýurdumyzyň esasy sütünleriniň biri bolan oba hojalygyny ösdürmekde bitirýän beýik işleri üçin Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy.
Gülşat Gurbanowa, Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hünärmeni.