“ Rysgal berekediň toýy ”

“ Rysgal berekediň toýy ”

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Rysgal berekediň toýy” atly söhbetdeşligini geçirdi.Bu geçirilen söhbetdeşliginde kitaphanamyzyň hünärmeni Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza päk yhlasyna belent sarpanyň nyşanydygy barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da kitaphanaçy nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlarynyň saçagyň nazy-nygmatlarynyň toprakdan öndürilýändigi, şeýle hem zeminiň rysgal-berekedi barada ýazan şygyrlaryndan birnäçesini aýdyp berdi.Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde gadymy Jeýtun medeniýetiniň ekarançylygy we ýer-suw bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary, rowaýatlary aýdyp berdiler.

Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylarda uly täsir galdyrdy .Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň Jeýtun, Mäne atly täze haryt nyşanlary dörediler
Türkmenistanda Jeýtun, Mäne atly täze haryt nyşanly dokma önümleri öndüriler
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp Türkmen topragyň berekedi atly sergi gurnaldy