Şu gün Tatarystan Respublikasynyň döwlet Baştutanty Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen duşuşdy diýip, Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Iýul aýynyň başynda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio) ilçisi wezipesine bellenildi. Şunuň bilen baglylykda hem, ol Kazandaky işini tamamlaýar. Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.
Rustam Minnihanow Atadurdy Baýramowyň Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna goşan goşantlaryny belläp, oňa täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi we minnetdarlyk bildirdi. Onuň bellemegine görä, 2021-nji ýylda Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 77,5 million dollara barabar boldy. Bu babatda Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň köp ýyl bäri Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýändigini bellemek bolar.
Atadurdy Baýramow hem öz gezeginde Tatarystanyň dostlukly halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Ýatlatsak, Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly wezipesinde 2020-nji ýylyň maýyndan bäri işläp gelýär.