Putin: “Bize erbet niýetli we görübilmezçilik edýänleriň ýüze çykarmaga synanşýan bökdençliklerine garamazdan býujetimiz dolýar, nebit we tebigy gaz girdejilerimiz artýar” diýdi.
Wladimir Putin paýtagt Moskwada Federal Salgyt gullugynyň Başlygy Danil Ýegorow bilen geçiren maslahatynda ýurduň ykdysadyýeti hakynda beýanat berdi.
Russiýanyň energiýa eksportundan alýan girdejileriniň artýandygyna ünsi çeken Putin; “Bize erbet niýetli we görübilmezçilik edýänleriň ýüze çykarmaga synanşýan bökdençliklerine garamazdan býujetimiz dolýar, nebit we tebigy gaz girdejilerimiz artýar. Esasanda gowy tarapy, nebit we tebigy gaz pudaklaryndan daşarky girdejilerimiziň artmagy” diýdi.
Putin ýurduň ykdysdyýetiniň görkezijileriniň durnuklaşandygyny nygtap; “Meniň pikirimçe bularyň ählisi ykdysady görkezijileriň häzirlikçe hem bolsa durnuklaşandygyny görkezýär. Riskleri görýäris, gelejekde bu howplaryň ýüze çykyp biljekdigini görýäris, olar henizem dowam edýär. Bularyň ähli mälim” diýdi.
Ýegorow bolsa Russiýanyň federal býujetiniň salgyt girdejileriniň ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwürne görä 32 göterim ýokarlap, 16,9 trillion rubla (284 milliard dollar) deň bolandygyny aýtdy.