Russiýanyň ýene-de 13 şäherinden Türkiýä uçar saparlary başlanar

Russiýanyň ýene-de 13 şäherinden Türkiýä uçar saparlary başlanar

Russiýanyň Federal howa transport agentligi Rosawiatsiýadan berilen beýanatda: "Türkiýä meýilleşdirilen we çarter uçar saparlarynyň amala aşyrylyp bilinjek Russiýadaky şäherleriň sany artdyryldy. Russiýanyň we Türkiýäniň howa ýollary, 12-nji iýuldan başlap Russiýanyň 45 halkara howa menzlinden uçar saparlaryny amala aşyryp bilerler" diýip habar berildi.

Şol uçar saparlarynyň Russiýanyň Barnaul, Belgorod, Wolgograd, Woronež şäherleri bilen birlikde Kaluga, Krasnodar, Lipetsk, Nalçik, Orenburg, Saratow, Soçi, Týumen, Ýužno-Sahalinsk şäherlerinden amala aşyryljakdygy bellenen beýanatda, Izmir şäherlerine uçar saparlarynyň hem şol gün başlajakdygy aýan edildi.

Russiýa koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 15-nji aprelde kabul eden karary bilen Türkiýä uçar saparlaryny çäklendiripdi.

Russiýadan bir wekiliýet 16-17-nji iýun aralygynda Antalýa sapar gurap, Kowid-19 epidemiýasyna garşy görülýän çäreler bilen bagly maglumat alypdy.

Russiýanyň Wise-premýeri Tatýana Golikowa, 18-nji iýunda Türkiýä ähli uçar saparlarynyň 22-nji iýundan başlap ýaňadandan ýola goýmak barada karar kabul edilendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin möhletinden öň ses berlişik başlady
Tatarystanyň Prezidenti Kazandaky täze türkmen konsuly bilen duşuşdy
Özbegistanyň medeniýet ministri Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda aýdym aýtdy, Türkmenistanda 30-dan gowrak döwlet eýeçiligine degişli desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Kazankow Týumen bilen şertnama baglaşdy
Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar