Russiýanyň we Ukrainanyň biri-birlerine garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, düýn gije Ukrainanyň Russiýanyň territoriýasynyň çäklerindäki desgalara uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guramak isländigi mälim edildi.

Belgorod sebitiniň howa giňişliginde Ukraina degişli 7 sany uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigi bellenen beýanatda, Kursk sebitiniň howa giňişliginde bolsa 4 sany uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeliginden berilen ýazmaça beýanatda bolsa, düýn gije Russiýanyň Ukrainanyň territoriýasynyň çäklerine Şahed kysymly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy beýan edildi.

Russiýanyň goşunynyň günorta-gündogar ugurdan 38 sany uçarmansyz howa ulagyny uçurandygy bellenen beýanatda: "26 Şahed kysymly uçarmansyz howa ulagy ýok edildi" diýip habar berildi.

Odessa sebitiniň harby dolanşyk edarasynyň başlygy Oleg Kiper sosial media hasabyndan beren beýanatynda, düýn gije Russiýanyň 2 sagadyň dowamynda Odessa uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Uçarmansyz howa ulaglarynyň aglabasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Kiper: "Gynansagam Izmail etrabynda portyň infrastrukturasy nyşana alyndy, 2 adam ýaralandy" diýip maglumat berdi.

Kiper hüjümlerde gözegçilik nokat binasyna we ammarlara zyýan ýetendigini, takmynan 30 ýük awtoulagynyň we 6 tirkegiň ýanandygyny, ýangynyň söndürilendigini beýan etdi.

Beýleki tarapdan Ukraina 22-nji sentýabrda Siwastopolda Russiýanyň Gara deňiz flotynyň ştabynyň nyşana alynmagy netijesinde rus serkerde Wiktor Sokolowyň ölendigini aýan etdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi we şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy.

Ýene degişli makalalar

105 Ýyl Ozal Siwasda Ýakylan Ot Türkiýäniň Ýoluna Şöhle Saçmaga Dowam Edýär
“Trabzonspor” bilen “Porto” legionerleri bilen Super Kubogy eýelediler
Ýewropada “Super” şenbe
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy
Spor Toto Super Liganyň 38-nji we soňky hepdesi tamamlandy