Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä telefon gürrüňdeşligi 27-nji noýabrda geçirildi.
Telefon gürrüňdeşligi rus tarapynyň talabyna laýyklykda geçirildi we ABŞ tarapyna rus harby birikmeleriň Ortaýer deňizinde geçirjek ýokary takyk raketa türgenleşikleri barada maglumat berildi.
Telefon gürrüňdeşliginiň türgenleşik meýdançasynyň golaýynda ABŞ we NATO gämileri bilen bolup biläýjek wakalaryň öňüni almaga gönükdirilendigi mälim edildi.
Russiýanyň 1-3-nji dekabr aralygynda Ortaýer deňzinde türgenleşik geçirendigi we ýokary takyk raketalary ulanandygy habar berilipdi.