Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, rus goşunynyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran raketaly hüjüminiň netijesinde ýogalanlaryň sanynyň 51 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 271 adama ýetendigini habar berdi.

Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beren beýanatynda rus goşuny tarapyndan düýn Poltawa şäherine guralan howa hüjümi barada soňky maglumatlary paýlaşdy.

Soňky maglumatlara görä hüjüminiň netijesinde ýogalanlaryň sanynyň 51 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 271 adama ýetendigini aýdan Zelenskiý: "Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär, harabalyklar aýrylmaga başlandy" diýip habar berdi.

Rus goşunynyň hüjümde 2 ballistik raketa ulanandygyny aýdan Zelenskiý, wakanyň bolan ýerinde derňew işleriniň geçirilýändigini mälim etdi.

Zelenskiý ozal beren beýanatynda Russiýanyň Poltawa şäherine rekatalar bilen hüjüm gurandygyny, hüjümiň netijesinde institutlaryň birine degişli binanyň bir böleginiň ýumrulandygyny we golaýyndaky hassahana hem zeper ýetendigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”
Bilim forumyna daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berýärler
Türkmenistan: Daşary ýurt diplomyny ykrar etdirenler işe ýerleşmekde kynçylyk çekýär
Türkiýeden Ukrainadaky türk raýatlaryna bildiriş
Mewlüt Çawuşogly ýene-de 172 raýatyň Ukrainadan ewakuasiýa edilendigini habar berdi
Halydaky Lenin