Russiýanyň Ukrainada guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Ukrainada guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ukrainanyň Içeri işler ministri Igor Klimenko geçiren metbugat ýygnagynda, Russiýanyň Ukrainanyň Kiýew, Kriwoý Rog, Dnepr bilen beýleki şäherlere we ýaşaýyş zolaklaryna raketalar bilen guran hüjümleri barada maglumat berdi.

"Soňky maglumatlara görä Kiýew şäherinde 25 adam, Ukrainanyň beýleki sebitlerinde 11 adam ýogaldy, 166 adam hem ýaralandy" diýip aýdan Klimenko, Kiýewde hüjümleriň guralan "Ohmatdit çagalar hassahanasynda" harabalyklary aýyrmak işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen guran hüjüminde çagalar keselhanasyna zeper ýetendigini mälim etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media ulgamyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheri bilen birlikde, Dnepr, Kriwoý Rog, Slowýansk we Kramatorsk şäherleriniň 40-dan gowrak raketalar bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar
Wiktor Orban Kiýewe bardy
Orban Kiýewe Sapar Etdi