Garibaşwili paýtagt Tibiliside geçirilen Ilçiler Maslahatynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde, ýylyň dowamynda başdan geçirilen sebitleýin we global meseleler hakynda beýanat berdi.
Ukrainada söweş hakynda durup geçen Garibaşwili; “Russiýanyň nahak harby hücümleri, Ukrainadaky söweş dünýä ulgamyny durnuksyzlaşdyran iň esasy mesele we ýylyň iň uly wakasy” diýdi.
Ukrainadaky çaknyşyklaryň bütin sebit üçin howp emele getirýändigini beýan eden Garibaşwili; “Biz söweşiň gysga möhletde bes edilmegini isleýäris. Sebäbi bu söweş diňe bir Ukrainanyň däl, eýsem bütin Ýewropanyň, sebitiň howpsyzlygyna wehim salýar” diýdi.
Garibaşwili; “Ukrainanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna goldawymyzy ýene-de bir gezek beýan edýäris” diýdi.