Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýene-de 13 adam ýogaldy

Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýene-de 13 adam ýogaldy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Ukrainanyň Zaparožýe sebitine ugrukdyryjy bombalar bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Wladimir Zelenskiý beýanatynda: "Häzirki wagtda onlarça adamyň ýaralanandygy anyk. Her kime zerur bolan kömek berilýär. Gynansagam 13 adam ýogaldy. Ýogalanlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýärin. Ýogalan adamlaryň sany artyp biler" diýip belledi.

Zaparožýe sebitiniň Harby dolanşygynyň başlygy Iwan Federow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Rus goşunynyň sebitdäki senagat infrastrukturalarynyň birine hüjüm gurandygyny belläp, hüjümde ýaralanan 30 adamyň sebitdäki hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny aýan etdi.

Ukrainanyň Prezident ofisiniň başlygy Andriý Ýermak hem sosial media hasabyndan Zaparožýe garşy guralan hüjüme rekasiýa bildirip: "Russiýa ýene-de asuda ilata hüjüm guraýar" diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen bagly ýüzlenme çap etdi
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”