Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ministrlikden berilen beýanatda, Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň Ukraina urşundaky hereketleri barada maglumatlar berildi.

Rus goşunynyň Ukrainadaky uruşda öňe gidişlik etmäge dowam edýändigi bellenen beýanatda, "Russiýanyň Günorta we Demirgazyk Harby toparynyň birikmeleri, Donetsk Halk Respublikasynyň Zorýanoýe Perwoýe we Zolotaýa Niwa ýaşaýyş nokatlaryny halas etdi" diýip bellendi.

Beýanatda, düýn Ukrainadaky howa menzili infrastrukturasyna gipersonik "Kinžal" raketalary bilen hüjümler guralandygy habar berlip: "Harby operasiýanyň başyndan bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 646 uçar, 283 dikuçar, 33 müň 62 uçarmansyz howa ulagy, 580 howa goranyş raketa ulgamy, 18 müň 555 tank we sowutly ulag, 1469 köp nilli raketa ulgamy, 15 müň 793 gaubisa we minomýot, şeýle hem 27 müň 52 ýörite harby ulag ýok edildi" diýlip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm
ABŞ-nyň täze hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerini gozgaýar
Nurana bina gözellikden başlanýan ýol
Ukrainaly 16 Müň 221 Çaga Zor Bilen Russiýa Alnyp Gidildi
TBMM-niň Başlygy Şentop, Antalýada Özara Duşuşyklar Geçirdi
Aziýa Parlamentlar Assambleýasynyň Maslahaty Antalýada Geçirilýär