Donetsk sebitiniň harby dolanşygynyň başlygy Pawel Kirilenko sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň ýerli wagt bilen sagat 10:30-da S-300 raketalary bilen Slowýansk şäherine hüjüm gurandygyny habar berdi.
"Hüjümleriň netijesinde azyndan 1 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy, dolanşyk we ofis binalary, 5 ýaşaýyş binasy we 7 ýaşaýyş jaý ýumruldy" diýip aýdan Kirilenko, Slowýansk şäherindäki ýumrulan binalaryň aşagyndaky gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.
Şol bir wagtda Russiýanyň goşunynyň Družkowka şäherine hem raketalar bilen hüjüm gurandygyny aýdan Kirilenko, 2 raketanyň degen ýetimler öýüniň dolulygyna ýumrulandygyny aýan etdi.
Kirilenko rus harby güýçleriniň şu gün şeýle hem Awdeýewka şäherine hem raketalar bilen hüjüm gurandygyna ünsleri çekip, hüjümleriň netijesinde bir myhmanhana we kazyýet binasyna zeper ýetendigini beýan etdi.
Mundan başgada ruslaryň şu gün Kurahowo, Soledar, Zwanowka we beýleki ýaşaýyş ýerlerini bombalandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan Slowýansk şäherine guralan hüjümler barada beýannama berdi.
"Rus terrory bilen başlan ýene-de bir gün. Hüjüm edýän döwlet, Slowýansk şäherimizi bomblady" diýip aýdan Zelenskiý, hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny aýan etdi.
Zelenskiý: "Duşman Ukraina, raýatlarymyza edilýän eden-etdiligi, ölümleri we ýaralanmalary hiç wagt bagyşlamaz. Ähli rus terrorçylar ýeňilişe sezewar galar. Şol agressiýa goşulan her kim jogapkärçilik çeker" diýip habar berdi.