Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, energetika infrastrukturasyna hüjüm guralandygyny mälim etdi.

Şäheriň merkezinde we demirgazyk böleginde elektrik toklaryň kesilendigi aýan edildi.

Russiýanyň dowamly hüjümleriniň Ukrainanyň ähli ýerinde diýen ýaly elektrik toklaryň kesilmegine sebäp bolýandygy habar berildi.

Russiýanyň Ukraina garşy raketalar bilen guran hüjümleri sebäpli Moldawiýada hem elektrik toklaryň kesilmegine eltendigi beýan edildi.

Mesele bilen bagly beýannamany Moldawiýanyň Wise-premýeri we şol bir wagtda ýurduň Infrastruktura ministri bolan Andrei Spinu berdi.

Russiýanyň Ukrainadaky energetika infrastrukturalaryna garşy guran hüjümleriniň Moladawiýada giň gerimli elektrik tok kesilmelerine sebäp bolandygyny aýdan Spinu, ulgam operatory bolan Moldelectrica edarasynyň ýurduň 50 göterimden gowrak ýerine elektrik toklaryň ýetirilmegi üçin iş alyp barmaga dowam edýändigini mälim etdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjümler başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen hüjüm gurady
Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde raketaly hüjümler guraldy