Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministriniň maslahatçysy Anton Geraşçenko Twitterden beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina garşy ganatly raketalar bilen hüjüm gurandygyny belläp: "Şu gün irden Ukraina 40 rus ganatly raketa bilen hüjüm guraldy" diýip habar berdi.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko hem Telegram hasabyndan beren beýannamasynda: "Kiýewiň tankydy infrastrukturasyna garşy guralan hüjümleriň netijesinde paýtagtyň käbir ýerlerinde elektrik toklar kesildi. Käbir ýerlerde suw ýok. Ähli toparlar iş alyp barýar" diýip mälim etdi.

Ýurduň beýleki sebitlerine guralan hüjümleriň netijesinde hem esasan hem energetika we beýleki tankydy infrastrukturalara zyýan ýetendigi aýan edildi.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä Zaparožýe, Kriwograd, Harkow we Odessa şäherlerinde hem partlamalaryň sesi eşidildi. Ukrainaly resmiler howa goranyş ulgamlarynyň işländigini habar berdiler.

Harkowyň häkimi Ihor Terekhow, şäheriň 2 aýry tankydy infrastrukturasynyň 2 raketa bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny habar berdi.

Russiýa 8-nji oktýabrda Kerç köprüsinde bolan partlamanyň jogapkäriniň Kiýewdigini belläp, Ukraina garşy guraýan hüjümlerini artdyrypdy.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjümler başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjüminde 4 Adam Ýogaldy
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Tutuş Ukrainada sirenalaryň sesi ýaňlanmaga başlady
Putin Harkowda Howpsuz Ara Zolak Döretjekdiklerini Aýtdy
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partlamalar boldy
Russiýa Ukraina 30-dan Gowrak Raketa Atdy
Russiýanyň Ukrainanyň Dnepr şäherine guran hüjüminde ençeme adam ýogaldy