'Russiýanyň Türkmenistan bilen wizany ýatyrmak taýýarlygy'. Ritorika we hakykat

'Russiýanyň Türkmenistan bilen wizany ýatyrmak taýýarlygy'. Ritorika we hakykat

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Russiýanyň Türkmenistan bilen arasyndaky wiza dügünini ýatyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu meselede Türkmenistanyň pozisiýasy entek belli däl, resmi Aşgabat Russiýanyň ilçisiniň beýanaty barada entek düşündiriş bermedi. Bu aralykda, bu tema eýýäm türkmen jemgyýetinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

Russiýa, Türkmenistan isleg bildirse wizasyz režime geçmäge taýýar. Bu barada 20-nji aprelde Russiýanyň TASS habar agentligi Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohine salgylanyp habar berdi.

"Wiza režimi, syýahatçylyk we ş.m. meseleleri Türkmenistanyň taýýarlygyna görä liberallaşdyrmaga taýýardyrys. Nygtamak isleýärin: biz Türkmenistanyň boýnuna hiç bir zat atmaýarys. Bu gatnaşyklary düzgünleşdirmek onuň özygtyýarly hukugy, biz onuň kararlaryna hormat goýýarys. Türkmen tarapy nähili karar kabul etse, biz [wiza düzgüniniň] liberallaşdyrylmagyndan doly ýatyrylmagyna doly taýýar” diýip, rus diplomaty aýtdy.

Türkmenistanyň bu meselä garaýşy belli däl. Türkmen tarapy entek resmi beýanat bermedi.

Aleksandr Blohin Russiýanyň habar gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanyň ähli döwletler bilen wiza režiminiň bardygyny ýene ýatlatdy. "Ýöne bu her bir döwletiň içerki işi. Türkmenistan howpsuzlyk meselelerine uly ähmiýet berýär. Bu nukdaýnazardan seredeniňde bu biziň döwrümizde möhüm mesele" diýip Blohin soňky beýanatynda belledi.

Rus diplomaty Türkmenistanyň wiza meselesi we howpsuzlyk meselelerine berýän ähmiýeti barada geçen ýylyň sentýabrynda eden çykyşynda hem durup geçdi. "Bizde GDA ýurtlary bilen arada diňe Türkmenistan bilen wiza režimi bar. Ýöne Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň ählisi bilen arada wiza düzgüniniň bardygyny aýtmak gerek" - diýip, Blohin 2022-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy. Şonda rus ilçisi Türkmenistanyň häkimiýetleri “howsuzlyk meselesine uly ähmiýet berýär”, wiza gözegçiligi bolsa, “ýykgynçylykly güýçleriň, ilkinji nobatda hem terrorçylaryň öňüni almaga goşmaça mümkinçilik berýär” diýipdi.

2011-nji ýyldan bäri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýolbaşçylyk eden Aleksandr Blohin şu aýyň başynda Russiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadyldy. Bu bildiriş täze ilçi Iwan Wolynkiniň bellenilmegi baradaky habar bilen bilelikde çap edildi. Russiýanyň prezidentiniň karary 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde kanuny maglumatlar boýunça resmi internet portalynda neşir edildi.

Rus resmisiniň Moskwanyň wiza düzgünini ýatyrmaga taýýardygy baradaky sözleri türkmen jemgyýetinde giňden pikir alyşma döretdi. Aşgabatly syýasaty öwreniji Serdar Aýtakow rus ilçisiniň Russiýanyň Türkmenistan bilen wiza režimini liberallaşdyrmaga taýýardygy baradaky sözleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda jemgyýetde uly seslenme döredendigini aýtdy.

"Aleksandr Wiktorowiç Blohin 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda işlän we türkmen häkimiýetleri bilen resmi hem-de ýazylmadyk etiket esasynda aragatnaşyk saklamagyň ähli aýratynlyklaryny gowy bilýän we iň bolmanda türkmenlere habar berýän tejribeli diplomat. Ol türkmen tarapy bilen razylaşmazdan jemgyýetçiliň öňünde şular ýaly sözler bilen çykyş etmezdi"- diýip, Aýtakow aýtdy.

Ýatlatsak, geçmişde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 10 ýyla golaý wagtlap saklanan goşa raýatlyk barada ylalaşyk esasynda on müňlerçe Türkmenistanyň raýaty Russiýanyň raýatlygyny aldy. Türkmen tarapynyň islegi boýunça şertnamanyň ýatyrylmagyny uzak wagtlap tassyklamadyk Russiýa, türkmen raýatlaryna pasport bermegini dowam etdiripdi. Soňky ýyllarda bolsa, Orsýet türkmen raýatlara göçmek statusyny almaga mümkinçilik döretdi.

Aşgabatly syýasy bilermen Serdar Aýtakow wizasyz režim meselesiniň edil häzir gün tertibine gelmeginiň sebäbi Türkmenistandaky ykdysady we demografiki krizis we häkimiýetleriň oňa çözgüt tapmagyň zerurlygyna göz ýetirmegi bilen bagly bolup biler diýýär.

"Ilat sanynyň azlygy problemamyz bar. Ýurtda galanlara hakykatdanam iş ýok.Indi bu ýerde girdejili bir zadyň önümçiligini guramak we halky [işe] güýmemek gaty möhümdir. Şol sebäpli ykdysadyýeti täzeden hereketlendirip bilmeýärler, dogrusy, sebäp diňe şunda däl, goşa kurs syýasaty we ş.m.

beýleki probemalar hem bar, ýöne şol bir mesele - ilat köpçüligini iş bilen üpjün etmek üçin, esasanam oba hojalygyndan girdejili önümçilik gerek.Pagta özüni tüketdi we töwekgelçilikli ekinçilige öwrüldi - suw ýok, şonuň üçin ýagdaýy çözüp biljek, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrjak we ýurtda halky saklap biljek gyssagly bir çykalgany oýlap tapmaly"- diýip bilermen aýdýar.

Syýasaty öwreniji wiza režiminiň Russiýa, şeýle-de Türkiýe ýaly beýleki ýurtlar bilen hem liberallaşmagynyň türkmen jemgyýeti tarapyndan gowy garşylanjagyny çak edýär: "Studentler we olaryň ene-atalary bu karardan peýdalanjak ilkinji kategoriýa girýär, beýleki topara telekeçiler we iş üçin syýahat edýärler, şeýle-de iň esasysy, Türkmenistanda (we Russiýada) ýaşaýan garyndaşlaryny we dostlaryny görmek ýa-da ölenleriň mazarlaryna zyýarat etmek isleýänler girýär".

Şeýle-de, syýasy bilermeniň pikiriçe, Russiýa bilen wiza režiminiň ýatyrylmagy ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas bolup biler.

"Meniň pikirimçe, maksat zähmet migrasiýasyny başga bir ýere gönükdirmek däl-de, rus kompaniýalarynyň gelmegi arkaly bu ýerde iş ýerlerini döretmek bolup biler.Oba hojalygyndan başlap, senagat, mysal üçin demirýol transporty, pagtany gaýtadan işlemek, goranyş ýaly ugurlarda yza galaklyk bar.

Uglewodorodlaryň gaýtadan işlenmegi barada aýdyp hem oturmaly däl.Eger paýhasly çemeleşilse, bu ýerde önümçilik bazasyny döredip, iki tarapa hem peýda getirip bolar.Syýahat gatnaşyklary bolsa, umumy maýyllygyň diňe bir bölegidir "- diýip Serdar Aýtakow aýdýar.

Geçen ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar artdy, özara saparlar ýygjamlaşdy we söwdanyň mukdary artdy. Ukrainadaky esassyz agressiýasy sebäpli Russiýa garşy halkara sanksiýalarynyň fonunda Türkmenistan Russiýanyň bazarlaryna oba hojalyk önümleriniň eksportynyň mukdaryny artdyrdy.

Rus ilçisiniň Moskwanyň Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýatyrmak baradaky çykyşy türkmen raýatlarynyň Türkiýä gitmek mümkiçiliginiň çäklendirilen wagtyna gabat geldi. Türkiýe geçen ýylyň senýabrynda wiza rezimini girizdi.

Bilermenler soňky döwürde türkmen raýatlarynyň Russiýa köplenç bilim almak üçin barandygyny, Türkiýä gidenleriň bolsa, esasan iş gözleýän adamlardygyny bellediler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Moskwa barýan uçarlara bilet gytçylygy döredi
Russiýanyň ilçisi: Täze Prezident Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna üýtgeşmeleri girizmez
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy
Türkmenistanda COVID-a garşy buster’ sanjymlary urulýar, uly nobatlar alym-berime ýol açýar
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen kärdeşlerini Diplomatik işgärleriň güni bilen gutlady
Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz