Russiýanyň raýatlygyny alan 121 müňden gowrak MA ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1549-i Türkmenistanly

Russiýanyň raýatlygyny alan 121 müňden gowrak MA ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1549-i Türkmenistanly

Şu ýylyň alty aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 121 089 ýaşaýjysy Russiýanyň raýatlygyny aldy diýip “Fergana” gullugy Russiýanyň IIM-ne salgylanyp habar berýär.

Russiýanyň raýatlygyny almakda öňdeligi täjigistanlylar eýeläp-74 162 adam, soňra gazagystanlylar -21 647 adam, özbegistanlylar-13 099, gyrgyzystanlylar -10 632 adam, iň ahyrda türkmenistanlylar bolup-1549 adam.

Alty aýyň dowamynda jemi 287 müň 505 adam rus raýatlygyny aldy we olaryň 104 168-i Ukraýinanyň raýatlary.

Russiýada wagtlaýyn ýaşamaga rugsady bolan 109 593 täjigistanly, 78 705 özbegistanly, 44 856 gazagystanly, 14 137 gyrgyzystanly we 3775 türkmenistanly bar diýip neşir ýazýar.

Owal berlen habarlara görä, türkmen döwlet edaralarynyň haýal işleýändigi sebäpli, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň wagtlaýyn ýaşamaga rugsat almak üçin resminamalaryny tabşyrmak babatda kabul edişligini gijikdirýär.

Çünki, raýatlar wagtlaýyn ýaşamak rugsatnamasyny almak üçin konsulhana bölümine ýüz tutanda, olar şol raýatyň kazyýete çekilip-çekilmändigi boýunça türkmen tarapyndan soraýar. Diňe şondan soňra arza bereniň rugsada resminamalaryny tabşyrmagy üçin kabul edişlige çagyrylýar.

Konsulhana fewral-maý aýynda arza berenler barada maglumatlar almak üçin ýüzlenmesine jogaby hemmesine bir wagtda-iýunyň ortalarynda alandyklaryny diplomatiýa wekilýeti habar berýär.The post Russiýanyň raýatlygyny alan 121 müňden gowrak MA ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1549-i Türkmenistanly first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň Ukraýinada söweşmegini gadagan eder
Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenistan demirgazyk Owganystandaky içerki bosgunlara ynsanperwer kömegini berdi
Stambulda ölen migrantyň hossarlaryna goldawyň deregine dymmagy üçin basyş edilýär
Türkmen kontrazwedkasy sugulçylaryny köpeltmek üçin Türkiýede duşuşyklar geçirýär
Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar
Türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan ýük ulaglaryny Türkiýä getirmek ugrunda tagalla edilýär