Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin 24 ýyl arakesmeden soň amala aşyrmagy meýilleşdirýän saparyndan ozal Demirgazyk Koreýanyň metbugatyna makala ýazdy.
Russiýanyň we Demirgazyk Koreýanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ozal bolşy ýaly häzirki wagtda işjeň ýagdaýda ösdürýändigine ünsleri çeken Wladimir Putin, Demirgazyk Koreýanyň Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuny tutanýerlilik bilen goldamagyny takdyr edýändigini habar berdi.
Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-nyň onlarça ýyllap dowam edýän ykdysady basyşy, meçew bermeleri, şantaž we harby howplaryna garamazdan öz bähbitlerini täsirli ýagdaýda goramagyna kanagatlanma bildirýändigini beýan etdi.
Halkara gatnaşyklaryň has demokratik we durnukly ýagdaýa gelmegi üçin ýakyn hyzmatdaşlyga taýardyklaryny aýdan Wladimir Putin: "Günbatar tarapyndan gözegçilik edilmeýän alternatiw söwda we özara ylalaşyk mehanizmlerini ösdüreris. Bikanun bitaraplaýyn häsýetdäki çäklendirmelere garşy bilelikde durarys. Şol bir wagtda Ýewraziýada deňz we bölünmejek howpsuzlyk binagärçiligini ýola goýarys" diýip nygtady.
Demirgazyk Koreýa 24 ýyl arakesmeden soň sapar guraýan Wladimir Putiniň 2 gün dowam etjek saparynyň çäginde ýurduň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Liderleriň goranyş başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirmek bilen bagly kararlar kabul etjekdigi aýdylýar.