Russiýanyň Polşadaky ilçisi boýagly hüjüme sezewar galdy

Russiýanyň Polşadaky ilçisi boýagly hüjüme sezewar galdy

Polşada aktiwistler Russiýanyň Warşawa şäherindäki Adatdan daşary we doly gytyýarly ilçisi Sergeý Andreýewe gyzyl boýag bilen hüjüm guradylar.

Russiýanyň Ukrainadaky hüjümine garşy bolýan aktiwistler, Warşawadaky Sowýet esgerleriň gonamçylygyna baran mahaly Russiýanyň Warşawa şäherindäki Adatdan daşary we doly gytyýarly ilçisi Sergeý Andreýewe gyzyl boýag zyňdylar.

Sergeý Andreýewiň ýüzi, elleri we egin-eşigi gyzyl boýaga bürendi.

Hadysadan soň howpsuzlyk güýçleri ara girdi.

Ukrainanyň baýdagyny göteren protestçiler, Russiýa garşy şygarlar aýtdylar.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Polşanyň karary
Real Atalantany 2:0 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy
Dünýä rekordyny goýýar
Polýak poçtasy döredilýär
Ýewropadaky iň belent Täze ýyl arçalary belli edildi
Prezident saýlawlaryna dalaşgär boldy