Russiýanyň Parahatçylyk güýji Garabagdan çekildi

Russiýanyň Parahatçylyk güýji Garabagdan çekildi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Parahatçylyk güýjüne degişli harbylaryň we ulaglaryň ýurduň territoriýasyny dolulygyna terk edendigi mälim edildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi rus harby birikmeleriň Hojalydaky harby bazadan çykmagy we Hojaly howa menziliniň öňünde Azerbaýjanyň baýdagynyň göterilmegi bilen bagly materiallar halk köpçüligi bilen paýlaşdy.

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan we 44 gün dowam eden II Garabag uruşy, 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň liderleriniň Üçtaraplaýyn jarnamasy bilen tamamlanypdy.

Russiýanyň Parahatçylyk güýjüne degişli sowutly we agyr ulaglar 2024-nji ýylyň aprel aýynda sebitden çykmaga başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Fidan Lawrow Bilen Duşuşdy
Azerbaýjanyň goşuny Garabagda ýerli operasiýa başlatdy
Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi
Finlýandiýanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidentiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Kalyn Ak Tamda Salliwan we Nuland Bilen Duşuşdy