Russiýanyň nebit-gaz önümçiligi azalar

Russiýanyň Hökümet başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak 2023-nji ýylda Russiýanyň nebit önümçiliginiň geçen ýyldakydan 1,5 göterim pes bolup, 527 million tonna bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.Bu barada “Xinhua” agentligi habar berýär.

Onuň sözlerine görä, tebigy gaz önümçiligi hem ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, 30 milliard kub metr az bolar.Geçen ýyl ýurtda 535 million tonna nebit öndürilipdir.Nowak: “Kömür önümçiligi bolsa, geçen ýyl 442 million tonna bolan bolsa, bu ýyl hem şoňa barabar 440 million tonna töweregi bolar” diýip belledi.

Hökümet başlygynyň orunbasary suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiliginiň üstümizdäki ýylda 33 million tonna ýetjekdigini, “Arctic LNG-2” taslamasynyň ilkinji önümçilik liniýasynyň işe girizilmegi bilen, 2024-nji ýylda önümçiligiň has-da artjakdygyny aýtdy. Nowak elektrik energiýasynyň önümçiliginiň 2023-nji ýylda 0,8 artyp, ,15 trillion kilowat/sagat bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada benzin eksporty gadagan ediler
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Jokowiç kolleksiýasyny tamamlady
Alkaras Jokowiçi ýene-de ýeňdi
Russiýa Ýewropada Gaz Akdyrmaga Dowam Etmek Isleýär
ATP-niň lideri ilkinji gezek italiýaly tennisçi bolar