Russiýanyň mekdep okuwçylary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga geldiler

Ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary şu ýylyň 1-10-njy awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Daýanç sagaldyş merkezinde dynç alyşda bolarlar.

Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara ders olimpiadasynda birinji orna eýe bolan okuwçylaryň toparyna medallar, Diplomlar, Noutbuk kompýuter we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň hasabyna Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Daýanç sagaldyş-dikeldiş merkezine 10 günlük ýollanma berildi.

Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary üçin şol arzyly pursat gelip ýetdi. Olar Hazaryň kenarynda dynç almak üçin ýurdumyza geldiler. Dostlukly ýurduň zehinli ýaşlaryny Awaza milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylanyldy.

Ýene degişli makalalar

2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Tährandaky Şwesiýanyň wekili Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy
Ispaniýa we Portugaliýa DÇ 2030 üçin stadionlary bellediler
Barselona öz stadionynyň adyny üýtgetdi